Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

HUSUSY PUDAGYŇ DÖWREBAP ÖSÜŞLERI

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2008-nji ýylda esaslandyrylan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi soňky ýyllarda ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiz tarapyndan döredilýän ýeňillikler hususy pudagyň ösen tehnologiýaly, eksporta gönükdirilen kuwwatly ulgama öwrülmegi üçin şertleri döredýär. «Garaşsyz, baky Bitarap-Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 17 — 19-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň esaslandyrylmagy mynasybetli geçirilen sergi hem-de halkara maslahat hususy pudagyň kuwwatynyň görkezijisine öwrüldi.

Düzüminde 30 müňe golaý agzany jemleýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bu gün oba hojalygynyň ekerançylyk we maldarçylyk, agrosenagat pudaklarynda, gurluşykda we gurluşyk harytlarynyň önümçiliginde, söwda we hyzmatlar ulgamynda, ulag-logistika pudagynda guwandyryjy üstünlikleri gazanýar. Hususyýetçiler öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirmäge, häzirki zaman enjamlary önümçilige ornaşdyrmaga, halkara standartlara kybap gelýän önümleriň täze görnüşlerini öndürmäge uly ähmiýet berýärler. Hususy pudagyň wekilleri tarapyndan importyň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly harytlaryň önümçiligi yzygiderli artýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň hususy pudagynyň kärhanalary islendik çylşyrymly taslamalary amala aşyrmaga ukyplydygyny subut etdiler. Şunda telekeçilere Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ynanylmagy döwletimiziň hususy pudaga belent ynamynyň nyşany boldy. «Akylly» şäheriň birinji tapgyrynyň gurluşygyny üstünlikli tamamlan ýerli düzümler häzirki wagtda ikinji tapgyryň çäklerinde 120-den gowrak desganyň gurluşygyny alyp barýarlar. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň ýerli gurluşyk kärhanalary tarapyndan amala aşyrylmagy hem türkmen telekeçileriniň mümkinçilikleriniň görkezijisidir.

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen sergide ýurdumyzyň telekeçileriniň 200-e golaýy gazanan üstünliklerini we ýeten sepgitlerini görkezdiler. Sergi bilen ugurdaş geçirilen halkara maslahata ýerli telekeçileriň müňlerçesi hem-de 70 töweregi döwletden işewürler gatnaşdylar. 18-nji martda geçirilen «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum ýylyň iň möhüm işewürlik çäreleriniň biri boldy.

Şemşat BAÝRAMGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Umumy bölüminiň müdiri.