Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ynsan saglygyny goramak, köpçülikleýin bedenterbiýäni hem-de sporty ösdürmek babatynda birnäçe işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzyň şöhratly taryhynda möhüm seneleriň hatarynda her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk gününiň giňden bellenilmegi bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň dabaralanmasydyr.

«Sag başym – soltan başym», «Saglyk bolsa beglik bolar», «Saglygym – baýlygym» ýaly parasatly pähimleri döreden halkymyz sagdyn durmuş ýörelgelerine irki döwürlerden bäri möhüm ähmiýet berip gelipdir. Sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermek bilen, nesil saglygyna aýratyn üns beripdir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze taryhy eýýamda bu asylly ýörelgeler mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ilatyň saglygyny goramak, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen birnäçe döwrebap hassahanalar, saglyk merkezleri, şypahanalar gurlup ulanylmaga berildi. 

Ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen lukmançylykda ösen döwletleriň tejribesini öwrenmäge aýratyn uly üns berilýär. Şonuň netijesinde türkmen lukmanlary daşary ýurt saglygy goraýyş edaralary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary işjeňleşdirilýär. Bu bolsa milli tejribäniň dünýä tejribesi bilen utgaşyklylykda ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen Daşoguz şäherinde gurlup ulanylmaga berlen köpugurly we onkologiýa hassahanalarynda dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary ornaşdyryldy. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda bina edilýän saglygy goraýyş edaralarynyň gurluşyk işleriniň ýerli gurluşyk kärhanalary tarapyndan alnyp barylmagy diýseň buýsandyryjydyr. Geçen ýylyň oktýabr aýynda Daşoguz şäherinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygyna badalga berildi. Döwrebap merkeziň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Şadyýan gurluşyk» hojalyk jemgyýetine ynanylmagy türkmen telekeçileriniň döwlet ähmiýetli şeýle beýik işlere uly goşant goşýandygynyň aýdyň netijesidir.

Sport sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşydyr. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bütin dünýäde sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany hökmünde giňden tanalýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Bitarap Türkmenistanyň sport diplomatiýasy öz ösüşiniň täze tapgyryna çykdy. Ýurdumyz dürli halkara ýaryşlarynyň geçirilýän künjegine öwrüldi. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionynyň giň mümkinçilikleri ýurdumyzda dürli halkara sport ýaryşlaryny geçirmäge ýardam edýär. Bu bolsa Bitarap Türkmenistanyň sport ýurdy hökmündäki ornuny has-da pugtalandyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şanly ýylda türkmen türgenleriniň halkara sport ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri döwletimiz tarapyndan sarpalanýar. Geçen ýylyň dekabr aýynda ýurdumyzyň halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenlerine Şa serpaýlarynyň gowşurylmagy bagtyýar ýaşlarymyzyň sporta bolan söýgüsini hem-de höwesini has-da artdyrdy.

Her ýylda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk gününde ýurdumyzda medeni-sport çäreleriniň geçirilmegi, welosipedli ýörişleriň guralmagy sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly halkymyzyň sporta aýratyn uly ähmiýet berýändigini alamatlandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni hökmünde halkara derejede bellenmegi Bitarap Türkmenistanyň bu ugurdaky beýik ýeňişleriniň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki döwrebap sport desgalarynda we toplumlarynda ýaşlary sporta, köpçülikleýin bedenterbiýä höweslendirmek boýunça netijeli durmuşa geçirilýär. Türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri durmuşa geçirilýän şeýle giň gerimli işleriň guwandyryjy netijelere beslenýändigini görkezýär. 

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek babatynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatyna türkmen telekeçileri hem özleriniň mynasyp goşandyny goşýarlar. Dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan türgenleşik enjamlary bilen üpjün edilen hususy fitnes zallarynyň birnäçesiniň hereket etmegi hem ýaşlaryň sporta bolan höwesiniň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Şeýle hem başga-da sport ugurly hususy iş alyp barýan telekeçileriň sanynyň artmagy ýurdumyzda sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň has-da giň gerime eýe bolýandygyny alamatlandyrýar. 

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda hem Bütindünýä saglyk güni ýurdumyzda giň gerimde bellenip geçilýär. Şanly senäniň şanyna ýaýbaňlandyrylýan wagyz-nesihat çärelerinde, duşuşyklarda, maslahatlarda we ýaryşlarda sagdyn durmuş ýörelgeleri baradaky täsirli gürrüňler geçirilýän çäreleriň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Bu bolsa sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar döwletimizde üstünlikli dowam etdirilýändigine şaýatlyk edýär. 

Halkymyzyň bagtyýarlygy, ynsan saglygy, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi babatynda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, baky berkarar Watanymyz sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň mekany bolup dünýä ýaň salsyn! Baýramyňyz gutly bolsun!

Gözel BARLYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.