Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alan toplumlaýyn hem-de giň möçberli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Biz bu özgerişlikleriň ajaýyp miwelerini her-bir ädimde görýäris. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda halkymyzyň gadymyýetden gözbaşly we hemişe rowaçlyga beslenen ýörelgeleri, şol sanda ýaşaýşyň gözbaşy bolan, ömrümize ýaraşyk berýän enelere hem-de mähriban gelin-gyzlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belende götermek ýörelgesi üstünlikli dowam etdirilýär.
Her ýylda däp bolup gelşi ýaly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň köp çagaly enelerine «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmagy, şeýle hem kärhanalarda, edaralarda zähmet çekýän zenanlardan, hormatly dynç alyşdaky enelerden, mekdeplerde we çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzjagazlara çenli ýörite pul sowgatlaryny gowşurmagy biz zenanlary diýseň buýsandyrýar. Biz zenanlar guramasynyň işjeň agzalary bolup, bu ýetilen sepgitleri ýaş nesle şeýle-hem ýaňy durmuşa gadam basan ýaş gelin-gyzlaryň arasynda yzygiderli wagyz edýäris. Çünki türkmen zenanyna mahsus ahlaklylyk, zähmetsöýerlik, Watana we maşgalasyna wepalylyk ýaly owadan häsiýetleri ähli türkmen gelin gyzlarynda jemlemek megerem ählimiziň borjumyz bolup durýar.
Täze taryhy eýýamda Hormatly Prezidentimiziň milli telekeçilerimize berýän goldaw-hemaýatyndan, ýurdumyzyň ösmegi ugrunda edýän tagallalaryndan egsilmez güýç-kuwwat alýan hususyýetçi zenanlarymyz hem bu günki gün alyp barýan işlerinde belent sepgitlere ýetýär.
Ýurdumyzda edermen telekeçilerimiziň işini kämilleşdirmeklige we telekeçilik işiniň islendik görnüşi bilen meşgullanmaklyga bu gün ýurdumyzda uly mümkinçilikler döredilen. Hususyýetçilerimizi goldamak üçin amatly şertleriň giň mümkinçilikleriň döredilmegi diňe bir bäsdeşlige ukyply, dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleri öndürmek bilen çäklenmän eýsem ýurdumyzda birnäçe iş orunlaryny döretmäge hem uly ýardam berýär.
Asuda, parahat Watanymyzda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan bu ugurda telekeçilik işi bilen meşgullanýan zenanlarymyza hem aýratyn uly üns berilýär. Ýurdumyzda öňe sürilýän gender deňliginiň kadalaryna laýyklykda zähmetkeş zenanlarymyzyň hak-hukuklaryna bu gün uly üns berilýär. Bu ugurda edermen telekeçilerimiziň alyp barýan işini kämilleşdirmek we telekeçilik işini dünýä standartlarynyň talaplaryna görä ösdürmekde ýurdumyzyň zenan telekeçileriniň hem hyzmatlary sanardan kändir.
Gadymyýete ser salsak maşgala ojagynyň eýesi, ýanýoldaşynyň ýakyn syrdaşy, maslahatçysy bolan türkmen zenanlarymyzyň hem gerçek goç ýigitler bilen deň hatarda durmuşyň ähli bökdençlerine, kynçylyklaryna döz gelip, edermenlik bilen ähli kynçylyklary ýeňip geçendiklerine göz ýetirýäris. Oňa mysal edip, özüniň göreldesi, ýiti el hünäri we egsilmez mähiri bilen gelin-gyzlarymyza terbiýe mekdebi bolan Ogulabat ejäni, taryhda yz galdyran Altynjanhatyn, Agaýunus peri, Güljemal han ýaly edermen zenanlarymyzyň atlaryny agzasak ýerlikli bolar.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde biz zenanlara ýaşamak, halal zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli alyp barýan taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýanynda Türkmenistanyň Işewür zenanlarynyň merkeziniň hereket etmegi hem bu aýdylanlara kepil geçýär.
Bu babatda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we «Rysgal» bankynyň arasynda üç taraplaýyn baglaşylan ylalaşyk barada aýtsak ýerlikli bolar. Bu baglanşyk hususy iş bilen meşgullanmak isleýän zenanlary goldamaga gönükdirilendir. Işewür zenanlaryň merkeziniň taslamalaryna gatnaşyjylary bolan ýurdumyzda telekeçi zenanlarynyň alyp barýan işleri hem ýaňy işe başlan zenan telekeçilerinde uly gyzyklanmalar döredýär. Özleriniň tikin, milli çörek we çörek önümlerini, haly we kilim önümlerini öndürýän sehlerini, oba hojalyk önümlerini öndürýän, gül ösdürip ýetişdirýän hususy telekeçilik işlerini açmak bilen, zenanlar diňe bir öz telekeçilik mümkinçiliklerini amala aşyrmak bilen çäklenmän, eýsem durmuş derejelerini ýokarlandyrmaga, maşgalanyň maddy ýagdaýyny gowulandyrmaga-da mümkinçilik alýarlar. Olaryň telekeçilik başlangyçlarynyň goldanylmagy mekdep ýaşly gyzjagazlaryň arasynda hem höwes döredýär, talyp gyzlaryň arasynda iş tejribelerini geçirmek we täze iş orunlarynyň döredilmegine hem uly itergi berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ýurdumyzda her ýylda geçirilýän «Ýylyň zenany» bäsleşigi hem asuda-parahat diýarymyzda zenanlarymyza goýulýan uly sarpadan nyşan. Ýokary guramaçylykly geçirilýän bu bäsleşikde eýýäm ençeme ýyl bäri telekeçi zenanlarymyzyň mynasyp orna eýe bolmagy bolsa biz zenanlarymyzyň şatlygymyza ýene bir gezek şatlyk goşýar.
Biz zenanlar döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris!
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun! Il-ýurt, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Zerhal NARMÄMMEDOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy.