Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň asylly başlangyjy esasynda Arkadag şäheriniň gurulmagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ýolunda täze sahypany açdy. Sebitde ilkinji «akylly» şäheriň taslamanyň iň esasy aýratynlyklarynyň biri onuň gurluşygynyň we enjamlaşdyrylyşynyň uly böleginiň ýerli telekeçilere, ýagny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanylmagydyr. Bu bolsa döwletimiziň hususy pudaga bildirýän uly ynamynyň we telekeçilerimiziň artýan tejribesiniň görkezijisidir.
Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy gurlup ulanmaga berildi. Bir-birinden gözel hem-de täsin binagärlik keşbi bilen gözüňi guwandyrýan binalaryň hersiniň özboluşly sungat eserine meňzeýär. Şeýle ajaýyp binadyr desgalaryň agramly bölegi ýerli hususy kärhanalar tarapyndan bina edildi. Türkmen telekeçileri diňe bir ýaşaýyş jaýlaryny däl, eýsem, çylşyrymly inženerçilik çözgütlerini talap edýän dolandyryş binalaryny, sport toplumlaryny we döwrebap hassahanalary gurdylar. Bu bolsa ýerli gurluşyk kompaniýalarynyň halkara standartlaryna laýyk gelýän desgalary gurmaga ukyplydygyny bütin dünýä äşgär etdi.
«Smart-city» (akylly şäher) konsepsiýasyna esaslanýan şäherde türkmen IT-hünärmenleri we telekeçileri sanly ulgamy, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda uly işleri bitirdiler. «Akylly öý» ulgamlary, wideogözegçilik, jemgyýetçilik ulaglarynyň sanly dolandyrylyşy we aragatnaşyk hyzmatlarynyň üpjünçiligi ýerli telekeçileriň gatnaşmagynda amala aşyryldy. Bu bolsa ýerli hususy düzümleriň ýokary tehnologiýalar ulgamynda hem barha rowaçlanýandygyny görkezýär.
Ekologik taýdan arassa gurluşyk serişdelerini peýdalanmak, häzirki zaman binagärlik çözgütlerini we innowasion tehnologiýalary milli tejribe bilen utgaşdyrmak, işleri wagtynda berjaý edip, desgalary bellenilen möhletde ulanmaga bermek hususy pudakda iş alyp barýan gurluşykçylaryň öňünde durýan möhüm wezipelerdir. Şäheriň gurluşygynda ulanylan gurluşyk serişdeleriniň — sementdir armaturalardan başlap, bezeg daşlaryna, elektrik enjamlaryndan başlap, mebellere çenli köpüsi türkmen telekeçileriniň kärhanalarynda öndürildi. Bu ýagdaý içerki bazary goldamak bilen bir hatarda, täze iş orunlarynyň müňlerçesiniň döremegine ýardam etdi. Häzirki döwürde milli önüm öndürijiler ýokary hilli gurluşyk harytlaryny öndürmekde baý tejribe topladylar. Arkadag şäheri bolsa hususyýetçilere öz harytlaryny önümçilik merkezlerinden uzak bolmadyk ýerde ýerlemäge mümkinçilik berýär.
Köpetdagyň etegindäki ajaýyp mekanda ýerleşýän Arkadag şäheriniň gurluşygynda ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşyl zolaklaryň döredilmegi, ekologik talaplara kybap gelýän jemgyýetçilik ulaglarynyň we elektromobilleriň infrastrukturasy, energiýany tygşytlaýjy yşyklandyryş ulgamlary hususy pudagyň ekologiýa jogapkärçiliginiň netijesidir.
Arkadag şäheriniň gurluşygy türkmen telekeçileri üçin diňe bir iş meýdançasy däl, eýsem, uly synag we abraý gazanmaga mümkinçilik berýär. Bu taslama arkaly ýerli işewürler özleriniň dünýä derejesindäki ägirt uly taslamalary amala aşyrmaga taýýardyklaryny subut edýärler. Bu üstünlikler geljekde türkmen kompaniýalarynyň halkara bazarlaryna çykmagy we daşary ýurtlarda hem iri taslamalary amala aşyrmagy üçin berk binýat bolýar.
Türkmen telekeçilerine tutanýerli zähmeti bilen ýurdumyzyň gülläp ösmegine goşant goşmaga giň şert-mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Guwanç BALLYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň umumy bölüminiň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.