Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda berkarar döwletimiz ösüş-özgerişli menzilleri ynamly külterläp, halkymyz röwşen geljegini gurýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrýar.
Ýurdumyzda hususy pudagyň ösdürilmegine hem aýratyn üns berilýär. Häzirki döwürde döwlete dahylsyz pudak tarapyndan import edilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümler öndürilýär. Milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de durnukly ösmegi hususy tarapyň işjeňleşmegi bilen bagly bolup durýar. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda hususy pudagyň işini giňeltmek möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir.
2008-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň sany yzygiderli artyp, ol häzirki wagtda 30 müňe ýakynlady. Birleşmäniň agzalary maldarçylyk, guşçulyk, azyk we senagat önümleriniň önümçiligi, gurluşyk ýaly ugurlarda ýokary netijeleri gazanýarlar. Hususyýetçilere iri möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagynyň ynanylmagy bolsa olaryň alyp barýan işine berilýän ýokary bahanyň nyşanydyr. Amala aşyrylýan netijeli işler Milli Liderimiziň: «Telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasydyr» diýen parasatly sözlerini dolulygyna subut edýär.
13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň depgini 108,1 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106,7 göterime deň boldy. Munuň özi hususy pudagy ösdürmek boýunça alnyp barylýan özgertmeleriň rowaçlanýandygyny tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiz bu mejlisde degişli Karara gol çekip, 2026-njy ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny tassyklady. Maksatnama laýyklykda, 2026-njy ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalaryny doly güýjünde işletmek, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 5 müň 300-e golaý täze iş ornuny döretmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 72,9 göterime ýetirmek, şeýle hem 2026-njy ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 41,2 milliard manada golaý maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär.
Diýarymyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, Mary welaýatynda hem hususy işewürligiň yzygiderli ilerlemegi ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Welaýatyň hususyýetçileri ýurtda harytlaryň we önümleriň bolçulygyny üpjün etmäge, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyryp, görnüşlerini artdyrmaga saldamly goşant goşýarlar. Käbir anyk mysallara ýüzlensek, 2025-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Eziz dag» hojalyk jemgyýeti tarapyndan Mary etrabynyň çäginde ýerleşýän, meýdany 12 gektara barabar bolan ýer böleginde kuwwatlylygy ýylda 3 müň tonna gök önümi ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen ýyladyşhana gurlup ulanmaga berildi we täze iş orunlarynyň 150-si döredildi. Şeýle hem Mary şäheriniň Baýramhan köçesiniň ugrunda birleşmäniň agzasy bolan «Erkin gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan 16 sany 4 gatly, 640 öýli ýaşaýyş jaý toplumynyň dabaraly açylmagy ýylyň şatlykly wakalarynyň üstüni ýetirdi.
Halkymyzyň abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy, ýurdumyzda hususy pudagyň işiniň giň gerimde ösdürilmegi üçin uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!
Täzegül JUMADURDYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy.