Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

DÖWRÜŇ BEÝIK SAHAWATY

Her ýylyň özüne laýyk ajaýyp öwüşgini, ösüşi bolýar. 2025-nji ýyl Daşoguz welaýaty üçin hem şowly, düşümli ýyllaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp şygarynyň durmuşa geçirilýändigine şaýat bolýan taryhy ösüşler welaýatymyzyň bagtyýar telekeçileriniň kalbynda egsilmez joşguny döretdi. Muny geçen ýylyň sentýabr aýynda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda awto-mobil köprüsiniň hem-de döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň açylyp, ulanylmaga berilmegi hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar. 400 maşgalanyň jaý toýuny tutup, şatlygyna şärik eýlän bu ajaýyp şäherçede zerur bolan durmuş düzümleri döredildi. Şäherçede Medeniýet öýüniň, şäherçäniň edara binasynyň, orta mekdebidir çagalar bagynyň, toý mekanynyň, limon we kömelek ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhanalaryň, söwda merkeziniň bardygyny buýsanç bilen bellemek gerek. Ýeri gelende bellesek, bu döwrebap şäherçäniň adynyň raýatlarymyzdan gelen teklipler esasynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýyly bilen baglanyşdyrylyp «Bitaraplyk» diýlip dakylmagy has-da buýsandyryjydyr. Döwrebap şäherçedäki binalaryň aglabasynyň hususy telekeçilerimiz tarapyndan bina edilmegi we dolandyrylmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Toýlar goşalanyp gelende, ynsan ruhy galkynyberýär. Halk bähbitli işler rowaçlansa, ýurt öňe gidýär. Ine, bu hakykata geçen ýylyň altyn güýzüniň soňky günlerinde dost-doganlygyň hem-de ebedi goňşuçylygyň aýdyň nyşanyna öwrülen Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň açylyş dabarasynda şaýat bolduk. Has takygy, 2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda bu serhetýaka söwda zolagynyň işine ak pata berildi. Türkmen-özbek söwda merkeziniň çäginde söwda dükanlary, hyzmat ediş merkezleri, awtoduralga, konteýner meýdançasy we beýleki desgalar guruldy. Ýeri gelende bellesek, iki halkyň telekeçileriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen bu söwda merkezi türkmen özbek dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşdirilmegine ýardam eder.

Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ilatyň ýaşaýyş jaýy bilen üpjünçiligine aýratyn uly ähmiýet berilýär. Şunda Daşoguz welaýatynda uzakmöhletleýin karz serişdeleriniň hasabyna gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň milli gurluşyk kärhanalarymyz tarapyndan ýerine ýetirilýändigini buýsanç bilen belläsimiz gelýär. Häzirki wagtda «Atalyk gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan Daşoguz şäheriniň Magtymguly şaýolunyň ugrunda 7 gatly ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygynyň alnyp barylýandygy görenleri guwandyrýar. Şeýle hem Daşoguz — Görogly awtomobil ýolunyň ugrunda 4 gatly ýaşaýyş jaýynyň birnäçesiniň gurluşygynyň hususy kärhanalarymyz tarapyndan tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny bellemek gerek. Welaýatymyzyň etrap merkezlerinde bolsa 1 we 2 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň uzakmöhletleýin karz serişdeleriniň hasabyna gurulýandygy görenleri guwandyrýar.

Ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, geçen ýylyň oktýabr aýynda Daşoguz şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygyna badalga berildi. Döwrebap saglygy goraýyş merkeziniň gurluşygynyň «Şadyýan gurluşyk» hojalyk jemgyýetine ynanylmagy türkmen işewürleriniň bedew batly gadamlarynyň dürli ugurlary gurşap alandygyna şaýatlyk edýär. Bazar gatnaşyklary şertlerinde hususy ulgamyň paýyny milli ykdysadyýetimizde 70 göterimden geçmegi döwletiň beýik ösüşinden habar berýär.

Maksud TORAÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy.