Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

  • GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN – BEDEW BATLY AT – MYRADYŇ MEKANY» ÝYLYNDA – TELEKEÇILIK ÖSÜŞ ÝOLUNDA

    Berkarar...

  • BEDEW BATLY BEÝIK ÖSÜŞLERE BARÝAN EZIZ WATANYM

    Gahryman...

  • БОЛЬШАЯ ЯРМАРКА ВАКАНСИЙ

    Первая...

  • МИССИЯ КУЛЬТУРНОЙ ДИПЛОМАТИИ

    Незави...

  • HUSUSY PUDAGYŇ ÖSÜŞINDE MÖHÜM UGURLAR

    Berkarar...

  • Далее

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN – BEDEW BATLY AT – MYRADYŇ MEKANY» ÝYLYNDA – TELEKEÇILIK ÖSÜŞ ÝOLUNDA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda telekeçilik işleri has-da ýokary derejede ösdürilýär. Olara ýakyndan ýardam berilýär. Elbetde, daşary ýurtlar bilen söwda dolanyşygynda eksport edilýän harytlaryň mukdaryny artdyrmak we import edilýän harytlaryň bolsa öwezini dolmak hem-de olaryň önümçiliklerini öz toprak-howa şertlerimize laýyklykda ýola goýmak boýunça birnäçe işler durmuşa geçirilýär.       

        Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer taglymaty barha rowaçlanyp, milli ykdysadyýetimiziň dürli dürli pudaklaryny öňde baryjy enjamlar bilen üpjün etmekde, ýokary hilli, bäsleşige ukyply önümleri öndürmekde, halkymyzyň azyk önümleri bilen üpjünçiligini has-da pugtalandyrmakda ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.Bu döwletli tutumlara hususy pudagyň goşýan goşandy bolsa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.Munuň özi hormatly Prezidentimiziň telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýatlaryna, bildirýän ýokary ynamyna jogap edip ýurdumyzyň telekeçileri hem ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda alyp barýan işleriniň gerimini giňeltmekde ähli tagallalaryny orta goýýarlar.

       Ýurdumyzda hususy telekeçiligiň gerimi barha giňeýär.Milli ykdysdyýetimiziň senagat, oba hojalygy, gurluşyk, syýasatçylyk, söwda, durmuş hyzmatlary ulgamlarynda, şeýle-de beýleki birnäçe ugurlarda telekeçilerimiziň alyp barýan işleri sözüň doly manysynda öwgä mynasypdyr.  Ýurdymyzyň işewürleri daşky bazardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň möçberlerini artdyrmakda, şeýle harytlar bilen diňe bir içerki bazary üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ol önümleriň eksportyny ýola goýmakda hem uly üstünlüklere eýe bolýarlar.Şunda ýurdumyzyň hususyýetçileri öndürilýän harytlaryň halkara hil ülňülerine laýyk gelmegine aýratyn üns berýärler. Içerki bazarda öňdäki orunlary eýeleýän türkmen işewürleriniň öndürýän önümlerini daşarky bazara çykarmak işlerini üstünlikli ýola goýandyklary has-da guwandyryjydyr.Ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan durmuşa geçirilýän şunuň ýaly giň gerimli işler ykdysadyýetimiziň depginli ösüşine netijeli itergi berýär hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegine uly ýardam edýär.

       Ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmek babatda hormatly Prezidentimiz tarapyndan berilýän goldaw-hemaýatlardan ruhlanyp, bäsleşige ukyply bazar ykdysadyýetini kemala getirmekde özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýan telekeçileriň sany Balkan welaýatymyzda hem barha artýar. Olar hem ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Balkan welaýatynda ýerleşýän «Batly gadam» hususy kärhanasy, «Läle  plastik» hojalyk kärhanasy, «Demir ölçeg» hojalyk jemgyýeti, «Rysgally nesip» hojalyk jemgyýeti, «Ak gaýa» hojalyk jemgyýeti, «Telekeçi Halmämmet Amanmämmedowa», «Telekeçi Sapardurdy Nazlyýewe» degişli gök önümler ýyladyşhanasy we «Nurly meýdan» daýhan hojalygy ýaly hususy kärhanalar ilat arasynda uly isleglerden peýdalanýan önümleriň birnäçe görnüşlerini öndürýärler. Ýylyň islendik paslynda bereketli saçaklarymyzyň bezegi bolup durýan hyýar, pomidor, bulgar burçy ýaly gök önümleri öndürmek işlerini alyp barýan telekeçilerimiziň ýyladyşhanalarda ýetişdirýän önümleri hem alyjylaryň uly isleginden peýdalanýar. 

       Hormatly Prezidentimiziň, döredip berýän ýeňillikli şertleri, goldaw-hemaýatlary netijesinde, hususy pudagy täze döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek, işewürligiň gerimini giňeldip, eksport ugurly önümçilikleri has-da artdyrmak babatda möhüm ädimler ädildi.

         «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hem türkmen telekeçileri üçin uly rowaçlyklaryň ýyly bolar. Olar Milli Liderimiziň we Hormatly Prezidentimiziň, bimöçber aladalaryna, dünýä bazaryna çykmak üçin döredýän giň mümkinçiliklerine täze tehnologiýalarda amal edýän döwrebap önümçilikleri, düýpli gurluşyklary, ýokary derejeli hyzmatlary bilen jogap bererler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly: «Türkmen telekeçileriniň önümleri we hyzmatlary döwrebaplygyň hem-de kämilligiň nusgasy bolmalydyr».     

       Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il – ýurt bähbitli işleri mundan beýläk hem üstünliklere beslensin!

Gülsoltan ALLAGULYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.