Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADYÝETI DURNUKLY ÖSÜŞIŇ MILLI NUSGASY

Garaşsyz ösüşiň 35 ýylynyň dowamynda Türkmenistan ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösýän, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşýan ýurtlaryň hatarynda eýeleýän ornuny pugta berkitdi. Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, täzeçil başlangyçlary öňe sürýän telekeçiligi höweslendirmek, ösdürmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, bilelikdäki kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, ätiýaçlandyryşy, gazna biržasyny hem-de gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek arkaly ähli pudaklarda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Ykdysadyýetiň çig mala gönükdirilmegini ýeňip geçmek, bazar özgertmelerini ösdürmek, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak, adamyň durmuşy, saglygy, howpsuzlygy üçin amatly şertleri döretmek babatda alnyp barylýan şol özgertmeleriň esasy maksady Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgelerinde öz mynasyp beýanyny tapdy.

        Geçen taryhy döwrüň dowamynda senagat we innowasiýa ösüş nusgasyna gönükdirilen strategik ugruň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, sözüň doly manysynda, döwletimiziň ykdysady garaşsyzlygyny üpjün etdi. Infrastruktura özgertmelerini goldamak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ugur alynmagy, «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen maksatlaryň we wezipeleriň durmuşa geçirilmegi, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, maýa goýumlary oýlanyşykly peýdalanmak, şol sanda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl pudaklaryna goldaw bermek üçin möhüm itergi boldy.

        Geçilen ýola ser salyp aýdanymyzda, garaşsyz ösüş ýyllarynda Türkmenistanyň agrar döwletden senagat taýdan ösen ýurtlaryň birine öwrülendigi aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. Has takygy, başlangyç tapgyrda ýurdumyzyň jemi içerki önüminde oba hojalygynyň paýy 40 göterimden gowrak, senagatyň paýy 17 göterim, olaryň hem 80 göterimden gowragy gazylyp alynýan pudaklara degişli bolan bolsa, häzirki wagtda jemi içerki önümde senagatyň paýy 67 göterimden gowrak, oba hojalygynyň paýy bolsa 11-12 göterime ýetýär. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk önümçiliginiň gurluşy düýpli özgerdi. Pudakda pagta ösdürip ýetişdirmegiň ähmiýetini saklamak bilen, oba hojalygynda galla senagaty täzeden dikeldilip, maldarçylygy ösdürmek üçin binýat döredildi. Munuň özi ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdi. Ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk böleginiň işini höweslendirmäge möhüm ähmiýet berlip, onuň paýy ýylsaýyn artýar.

        Ýurdumyzda elektrik energiýasy, nebit we gaz senagaty, maşyngurluşyk, metallurgiýa, himiýa senagaty, gurluşyk, elektron, ýeňil hem-de azyk, derman senagaty ýaly möhüm pudaklardan ybarat bolan köpugurly ykdysadyýet emele geldi. Düzüminde tebigy gazy çykarýan we ony gaýtadan işleýän pudaklary bolup, üstünlikli hereket edýän gaz senagaty biziň üçin möhüm ulgam bolmagynda galýar. Şunda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy ileri tutulýan taslamalardyr. Bu sebitleýin taslamalaryň örän uly geljegi bolup, olaryň amala aşyrylmagy bilen, energiýa akymlary üçin täze strategik ugur açylýar, Hindistan we Pakistan ýaly iri, depginli ösýän ýurtlaryň ykdysadyýetini ýangyç bilen üpjün etmek arkaly geljekde Aziýa — Ýuwaş umman sebitindäki, Ýakyn hem-de Orta Gündogardaky beýleki ösýän bazarlara çykmaga mümkinçilik döreýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, ähli infrastrukturany gowulandyrmak üçin ýurdumyza uly möçberde maýa goýumlar çekildi. Ykdysadyýetiň önümçilik mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen maýa goýum syýasaty önümçilik serişdeleriniň netijeliliginiň ösüşine, umumy islegiň we jemi içerki önümiň durnukly ösmegine itergi berýän goşmaça täsiriň ýüze çykmagyny üpjün etdi.

        Häzirki zaman dünýäsinde ähli ýurtlaryň halkara bazara birleşmegi netijesinde dünýä bäsdeşligi ýitileşýär. Ýakyn ýyllarda öz raýatlarynyň hünär ukyplarynyň we zehinleriniň has doly ýüze çykmagyny üpjün etjek döwletleriň gülläp ösjekdigi hem-de täze bilimleri, amaly üstünlikleri iň häzirki zaman tehnologiýalardyr önümlere öwrüp özleşdirýän döwletleriň ykdysady ösüşde başgalardan öňde boljakdygy dünýä ýurtlarynyň häzirki döwürdäki ösüş ugurlaryndan mälimdir. Türkmenistanda diwersifisirlenen ykdysady ösüşiň baş şertleriniň biri hökmünde hünär bilimine uly ähmiýet berilmegi hem onuň ykdysady ösüşi höweslendirmäge ýardam berýän şertleriň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýandygy bilen delillendirilýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň halkara giňişlige barha işjeň goşulyşýandygy bilen baglylykda, ykdysadyýetiň dürli pudaklary boýunça giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykaryp bilýän hünärmenleriň täze neslini taýýarlamak işleri hem ykdysady strategiýany amala aşyrmagyň çäklerinde utgaşykly alnyp barylýar.

        Umuman, durmuş ugurly ykdysady syýasata laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň ählisi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň geljekki ösüşlere we halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga tarap ýolda ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär. Şeýlelikde, döwlet maksatnamalarynda bellenen ähli çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýakyn geljekde ýeterlik derejede ösen bazar amatlyklaryny kemala getirmäge, ählumumy ykdysady giňişlige has doly goşulyşmaga, daşary söwda dolanyşygyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Önümçiligiň ähli ulgamlarynda öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bolsa ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, harytlardyr hyzmatlaryň içerki bazarynyň gerimini giňeltmäge, bir söz bilen aýdylanda, maliýe-ykdysady ulgamyň binýadyny pugtalandyrmaga ýardam eder.

         Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgä laýyklykda amala aşyrylýan strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmakda, berkarar Watanymyzyň dünýä ýüzünde syýasy we ykdysady taýdan durnukly ösýän ýurt hökmünde ykrar edilmegini gazanmakda Milli ykdysadyýetimizi sazlaşykly ösdürmekde ägirt ult tagallalary amala aşyrýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşini üpjün etmek ugrunda alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

Muhammetdurdy NURMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.