Eziz Watanymyza bolan buýsanjymyz köňlümiziň töründe orun alandyr. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna 35 ýyl bolýar. Bu şanly sene şu ýylymyzyň ösüşlere beslenjekdigini, toýlarymyzyň toýlara ulaşjakdygyny aýdyň beýan edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde behişdi bedewleriň şan-şöhraty dünýä ýaýylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi üçin yhlaslyny siňdirýän halkymyzyň taryhyň dowamynda umumadamzat medeni gymmatlyklarynyň ösüşine ägirt uly goşandynyň halkara derejesinde ykrar edilýändigini alamatlandyrýar.
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew» ýaly gymmatly eserleri biziň her birimiz üçin milli mirasymyzy öwrenmekde uly gollanmadyr. Ýurdumyzda ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, at üstündäki milli oýunlary ösdürmek we seýisçilik tejribesini nesilden-nesle geçirmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär.
Bedew batly ösüşlere beslenýän şu günlerimizde milli gymmatlyklara, pederlerimiziň asylly ýörelgelerine belent sarpa goýýarys. Şeýle milli gymmatlyklarymyzyň iň naýbaşylarynyň biri hem pederlerimiziň döreden seýisçilik sungatydyr, arassa ganly ahalteke bedewlerimizdir. Behişdi bedewleriň gymmatlygyna, şöhratly taryhymyzdaky ornuna belent sarpa goýýan halkymyz pähimdar pederleriň ýoluny mynasyp dowam edýär. Munuň özi ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şunda gazanylýan ösüşleriň, ähli ugurlar boýunça edilýän yhlasyň sazlaşykly ösüşi üpjün edýändigini bellemeli. Bu bolsa ýurdumyzda ägirt uly özgertmeleriň döwrüň talabyna laýyk derejede amala aşyrylýandygyny görkezýär.
Ata – babalarymyzyň şeýle belent sarpa goýan, dünýä malyna çalyşmadyk behişdi bedewleri häzirki ajaýyp döwrümizde hem her birimiziň buýsanjymyzdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik joşgun bilen tutulýan toýlarda ahalteke bedewleriniň gözel keşbini görmek bagtyýarlykdyr. Çünki munuň özi abadan ýurdumyzyň bagtyýarlygyny, toýlara beslenýändigini aňladýan aýdyň mysallardyr.
Maksada okgunlylyk, ýyndamlyk hem-de wepalylyk ahalteke bedewlerine mahsus häsiýetleridir. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany» diýip yglan edilmegi hem hut şu ýörelgeleri esasy ugur edinýär. Çünki ýurdumyzyň bedew bady bilen okgunly ösüşini, halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyny şertlendirýän toý baýramlar ýylyň şygarynda öz beýanyny tapýar.
Gahryman Arkadagymyzyň giň gerimli özgertmelerini mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, röwşen ömürleriniň uzak bolamagy, il ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk-de uly üstünliklere we rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Gülsoltan ALLAGULYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.