Türkmen milli halysy halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen ruhy we maddy gymmatlyklarynyň iň beýik nusgalarynyň biridir. Ol diňe bir hojalyk üçin niýetlenen önüm bolman ,eýsem, milletimiziň taryhyny, dünýägaraýşyny we çeperçilik ukybyny özünde jemleýän sungat eseridir. Bu ugurda hususy işewürleriň, aýratyn hem zenan telekeçileriň alyp barýan işleri aýratyn ähmiýete eýedi.Şeýle telekeçi zenanlaryň biri hem haly önümleriniň önümçiligi bilen meşgullanýan Ogulhan Rozyýewadyr.
Ogulhan Rozyýewanyň alyp barýan işleriniň esasy aýratynlygy milli halyçylyk däplerine berk ygrarly bolmagydyr. Onuň ýolbaşçylygyndaky halyçylyk öýlerinde dokalýar halyçylar milli nagyşlary,gölleri we reňk sazlaşygyny özünde jemleýär.Her bir nagşyň many-mazmunyna aýratyn ähmiýet berilýär, bu bolsa önümleriň çeperçilik taýdan hem gymmatly bolmagyny üpjün edýär.
Haly we haly önümleriniň hilini üpjün etmekde çig malyň ähmiýeti örän ulydyr. Ogulhan Rozyýewa bu meselä aýratyn ünsli çemeleşýär. Haly dokamakda, esasy,ýokary hilli ýüň, tebigy reňkler we berk ýüpliker ulanylýar Tebigy çig maldan peýdalanmak önümleriň uzak wagtlar öz görnüşini saklamagyna, reňkleriniň solmazlygyna şert döredýär. Ogulhanyň alyp barýan işlerinde diňe bir adaty halylar däl, eýsem, dürli görnüşli haly önümleri hem möhüm orun eýeleýär. Oňa dürli ölçegdäki bezeg halylary, öý ofis interýerleri üçin niýetlenen önümler, halydan dokalýan ýantorbalar ýaly birnäçe önümler girýär. Şeýle önümler häzirki wagtda bazarda uly islege eýe bolup, milli sungatymyzyň gündelik durmuşda giňden ulanylmagyna mümkinçilik berýär.
Telekeçi zenanyň ýerine ýetirýän işleri diňe bir halyçylyk sungatynyň ösüşine däl, eýsem, sebitleriň ykdysady taýdan ösmegine hem uly täsir edýär. Ol Lebap we Balkan welaýatlarynda ýerleşýän bölümleri arkaly milli halyçylyk halyçylyk sungatyny ösdürmek bilen bir hatarda, ýüzlerçe zenany iş bilen üpjün edip, olaryň durmuş hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna uly goşant goşýar. Bu bolsa zenanlaryň ykdysady şjeňligini artdyrmaga, olaryň hünär başarnyklaryny ösdürmäge giň mümkinçilik döredýär. Telekeçi bu zenanlara diňe iş orunlaryny hödürlemek bilen çäklenmän, eýsem, hünär öwrenmek, tejribe toplamak we öz ukyplaryny ösdürmek üçin giň mümkinçilik berýär. Ýaş gyzlar tejribeli halyçylardan haly dokamagyň inçe syrlaryny öwrenýärler , bu bolsa milli halyçylyk sungatynyň dowamlylygyny üpjün edýär.
Ogulhan Rozyýewanyň alyp barýan işleri diňe bir telekeçilik aýdan däl, eýsem, milli medeiýeti dabaralandyrmakda hem uly ähmiýete eýedir. Onuň öndürýän haly we haly önümleri milli sungtymyzy gorap saklamaga we dünýä tanatmaga gönükdirilendir. Işewür zenan geljekde haly we haly önümleriniň görnüşlerini has-da giňeltmegi, täze dizaýn ugurlaryny ösdürmegi maksat edinýär.
Ogulbeg ANNAORAZOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri.