Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

MILLI TELEKEÇILIGIŇ GIŇ MÜMKINÇILIKLERI

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary esasynda ösdürmekde, telekeçiligiň gerimini giňeltmekde üstünlikli işler durmuşa geçirilýär. Döwletimiziň uly goldawy, şol sanda maýa goýum taslamalaryny karzlaşdyrmak ulgamy, hususy telekeçiligi ösdürmek üçin döredilen hukuk binýady, telekeçileriň işewür gatnaşyklaryna, dünýäniň dürli ýurtlaryndaky kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga, hyzmatdaşlyk etmäge berilýän goldaw telekeçiligiň ösdürilmegini üpjün edýär. Hususy eýeçilik barha kuwwatlanyp, milli ykdysadyýetimiziň hereketlendiriji güýjüne öwrülýär, tutuş pudaklaryň hil taýdan täze derejelere göterilmegine ýardam berýär.

Ahal welaýatynda hem telekeçilik güýçli depgin bilen ösdürilýär, hususy pudagyň ösüşi önümçiligiň görnüşleriniň artmagynda aýdyň görünýär. Sebitde telekeçiler, esasan-da, oba hojalygy, azyk senagaty, senagat önümçiligi, hyzmatlaryň dürli görnüşleri boýunça täze taslamalary durmuşa geçirýärler. Welaýatyň çäginde hususy eýeçilige degişli iri we ýokary tehnologiýaly kärhanalaryň ençemesi bar. Olaryň arasynda arassalanan agyz suwuny öndürýän zawoddyr tebigy miwe suwlaryny we nektarlary, sowuk çaýlary, gazly içgileri, miwe-gök önümler püresini, süýt önümlerini, konsentratlary, talhy hem-de et önümlerini öndürýän kärhanalar, şokolad önümçiligi ýaly düzümler bar. Bu kärhanalarda önümçiligiň ähli tapgyrlary doly awtomatlaşdyrylan bolup, öňdebaryjy senagat ýurtlarynyň innowasion tehnologiýalaryna esaslanýar. Olaryň hatarynda ýuwujy serişdelerini öndürýän iri kärhanalar, hyzmat ulgamynda iş alyp barýan düzümler bar. Welaýatda gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi boýunça hem hususy kärhanalar işleýär. Şunda çig malyň ýerli serişdeleriň hasabyna üpjün edilýändigini aýratyn bellemek gerek.

Welaýatda oba hojalygy pudagynda hem telekeçilik ösdürilýär, telekeçiler düýeguş hem-de hindiguş ýetişdirýän fermalary, et-süýt önümçiligi boýunça iri maldarçylyk toplumlaryny gurnaýarlar. Tehnikanyň ýokary gazananlary bilen enjamlaşdyrylan toplumlarda guşçulyga, maldarçylyga täze usullary ornaşdyrmak üçin ähli şertler döredilendir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bu taslamalaryň amala aşyrylmagyna goldaw berýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan amala aşyrylýan iri taslamalar importyň ornuny tutmaga, halkyň sarp ediş harytlarynyň görnüşlerini giňeltmäge, ilaty ýokary hilli azyk öümleri bilen üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu işler hususy pudagyň milli ykdysadyýetiň senagatlaşdyrylmagynda barha artýan ornuny pugtalandyrýar. Telekeçiler üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi barada alada edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli işleriniň has-da rowaçlanmagyny arzuw edýäris.

Enwer BALLYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy