Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

  • BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ ÝYLY

    Bagtyýar...

  • ВОСТРЕБОВАННАЯ И КАЧЕСТВЕННАЯ ПРОДУКЦИЯ

    На...

  • TÄZE ÝYL TÜRKMEN HALKYMYZA RYSGAL-BEREKET, BAGTYÝARLYK GETIRSIN!

       ...

  • ÝYLLAR ÝYLLARDAN ZYÝADA

    Hal...

  • TÄZE ÝYL – PÄK ARZUWLARYŇ BAÝRAMY

       ...

  • Далее

BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ ÝYLY

Bagtyýar zamanamyzyň hözirini görýän agzybir halkymyz täze taryhy döwrümiziň şöhratly sahypalaryny ýazjak şanly ýyllaryň ýene birine — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna uly ynam we ruhubelentlik bilen gadam basdy. Ajaýyp arzuwlaryň, asylly işleriň hasyl bolýan ýurdunda 2025-nji ýyl berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilen senesi hökmünde taryha ýazyldy. 2026-njy ýylda bize uly ähmiýetli wakalaryň ýene ençemesi garaşýar. 

Her ýyly döwrüň ruhuna we belent maksatlaryna kybap gelýän at bilen atlandyrmak ata Watanymyzda asylly däbe öwrüldi. Diýarymyzda täze ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi hem özboluşly many-mazmuna eýedir. Bu şanly ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň gymmatlyklary has-da rowaçlanyp, geçilen döwürde gazanylan netijeleriň jemleri jemlener, anyk işlere we täze taslamalara badalga berler. Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak boýunça ägirt uly işler dowamata beslener.

Gündogar müçenamasyna laýyklykda, 2026-njy ýyl — ýylky, ýagny bedew ýylydyr. Müňýyllyklaryň dowamynda kemala getirilen behişdi bedewler bolsa halkymyzyň, göz guwanjydyr, milli buýsanjydyr. Ähli döwürlerde bedew batly galkynyşy, ösüşleri we üstünlikleri alyp gelýändigine ynanylypdyr. Çünki bedew atlar wepadarlygyň, maksada okgunlylygyň, erkliligiň we zähmetsöýerligiň nyşanyna deňelýär. Bu ýylda başy başlanan asylly işleriň oňyn netijelere berjekdigine ynanylýar. Ýurdumyzyň ösüşleriniň bedew badyna deňelmegi-de hem bu hakykatyň aýdyň mysalydyr.

Nesip bolsa, 2026-njy ýylda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň, köp sanly önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň, saglygy goraýyş merkezleriniň, bilim ojaklarynyň gurluşygy tamamlanyp, ulanyşa bermek meýilleşdirilýär. Şeýle hem ýurdumyzda sebit we bütindünýä derejesindäki maslahatlaryňdyr forumlaryň guralmagyna garaşylýar. Bularyň ählisi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkidip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, Watanymyzyň halkara abraý-mertebesini has-da beýgeltmäge täzeçe itergi berer. Şeýle asylly işlere Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususyýetçileriň hem uly goşant goşýandygy buýsandyryjy ýagdaýdyr. Hususy pudagyň syýasy-jemgyýetçilik we aň-paýhas ganaty bolup durýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem täze ýylyň belent maksatlaryny rowaçlandyrýan şygaryny wagyz-nesihat etmekde ýokary işjeňlik görkezýär. Häzirki günlerde syýasy partiýamyzyň işjeň agzalary tarapyndan hususy pudagyň kärhanalarynda yzygiderli dabaralar geçirilip, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ähmiýeti giňişleýin düşündirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy berkitmek, durnukly ösüşleri gazanmak, milli gymmatlyklarymyzy rowaçlyga beslemek ýaly asylly maksatlar bilen nurana geljege tarap ynamly barýar. Parasatly pederlerimiziň ýörelgelerine eýerip, umumadamzat bähbidine gönükdirilen asylly başlangyçlary durmuşa geçirmekde dünýä nusga bolýan döwletimiziň syýasy-ykdysady kuwwaty we abraýy barha artýar. Şanly ýylyň        ähli halkymyz, şol sanda senagatçylar we telekeçiler üçin hem üstünliklere beslenjekdigine berk ynanýarys. Eziz Diýarymyzy dost-doganlygyň, gülläp ösüşleriň, abadan hem bagtyýar durmuşyň mekanyna öwürmek ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Sultan ATAKIŞIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.