Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

BITARAPLYK - UMUMADAMZAT GYMMATLYGY

Berkarar döwletimiziň üstünliklere beslenýän ösüş ýolunyň ruhlandyryjy güýji mukaddes Garaşsyzlygymyzda we Birleşen Milletler guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzda jemlenendir. Gahryman Arkadagymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm syýasy-jemgyýetçilik wakasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde: «Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygydyr. Bitaraplyk biziň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ündeýän, halklary dost doganlyga, agzybirlige çagyrýan işlerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bu taglymat eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana halkymyza güýç-kuwwat berýär» diýip belledi. Bitarap we parahatçylyk söýüjilikli döwlet syýasaty biri-biri bilen aýrylmaz baglanşykly düşünje bolup, munuň özi häzirki zaman dünýä ýagdaýlarynyň çäginde adamzat medeniýetiniň ygtybarly geljegi baradaky ählumumy tagallalarda esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Halkymyz üçin parahatçylykly ösüş ýolunyň ähli maksatlary bagtyýar, asuda durmuşyň kepilidir. Türkmen üçin geljegiň belentlikleri güneşli günüň aýdyňlygy ýaly açyk-aýdyňdyr. Beýik geljege bolan berk ynam bilen ýaşaýan, işleýän, gurýan, döredýän halkymyzda şeýle ruhubelentlik, gülläp ösýän durmuş Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer işleri, döwletlilik ýörelgeleri netijesinde, şu günüň hakykatyna, geljege bolan synmaz ynama öwrülýär. Garaşsyzlygymyzyň şan-şöhrata beslenen ösüş ýolunda dünýä ähmiýetli belent döwletleri döreden halkymyzyň taryhynyň örän köp açylmadyk gatlary aýdyň ýüze çykdy. Türkmen halkynyň baý taryhy we medeniýeti dünýä jemgyýetçiligine-de barha giňden aýan bolýar. Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz häzirki döwrüň döwlet syýasatynyň düýpli garaýyşlaryna ünsi çekmek bilen, örän ähmiýetli, düýpli pikirleri öňe sürýärler. Şunda syýasatyň halkyň taryhynyň esasydygy, taryhyň bolsa diňe bir döwrüň gatynda galan ylym däl-de, geljege ynamly hereket etmekde iň zerur syýasy daýançdygy baradaky gymmatly pikir Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletlilik ýörelgeleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ösüşleriň ygtybarly, netijeli ýoluny döretmekde, ösdürmekde we kämilleşdirmekde Milli Liderimiziň durmuşa geçiren Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işlerini beýik taryhyň beýany, ägirt uly ruhy-aňyýet güýjüne eýe bolan syýasat diýip atlandyryp bolar. Bu beýik işler döwleti we jemgyýeti ösüşler bilen öňe alyp gitmegiň, halkara hyzmatdaşlygy netijeli guramagyň, şeýle hem hoşniýetli goňşyçylyk gatnaşyklarynyň nusgalyk tejribesi bolup, dünýäde giňden ykrar edilýär. Munuň özi özgerýän we çylşyrymlaşýan dünýä gatnaşyklarynyň çäginde öçmejek nur bolup, zemine ýagtylyk saçýar. Şol ýagtylygyň esasy çeşmesi Bitaraplykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwrüň belentligine çykaran bitaraplyk syýasaty taryhyň gidişine oňyn täsir edýän parahatçylykly we ynanyşmak ruhundaky adalatly ösüş ýoludyr. Döwlet Baştutanymyzyň: «Biziň Bitaraplygymyz dünýä halklaryny belent maksatlara birleşdirýän, parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän ýörelgämizdir» diýen sözleri Türkmenistanyň Bitaraplygynyň umumadamzat gymmatlygy derejesindäki ähmiýetini ýene bir ýola tassyklaýar. Türkmenistan bu gün parahatçylykly hyzmatdaşlygyň, ylmyň-bilimiň, medeni gatnaşyklaryň mekany bolup, sanly ulgamy çalt özleşdirýän ýurt derejesine ýetdi. Ähli ösüşlerimiz, özgerişlerimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň alyp barýan oýlanyşykly, parasatly syýasatynyň netijesi bolup, bu ugurda örän netijeli we üstünlikli syýasaty barha kämilleşdirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy tagallalary uludyr. Goý, Gahryman Arkadygymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleri uzak, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Agahan GURDOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap komitetiniň başlygy.