Ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda we halkyň sarp edýän harytlarynyň bolçulygyny üpjün etmekde hususy pudaga möhüm orun degişlidir. Şoňa görä-de, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda telekeçilik işini, işewür toparlaryň işjeňligini hemmetaraplaýyn höweslendirmek, kiçi we orta telekeçiligi netijeli ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertleri döredilýär. Häzirki wagtda hususyýetçiler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça işlere mynasyp goşant goşýarlar.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmakda, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde hususy pudaga uly orun degişlidir. Taryhy wakalara, şanly senelere beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen telekeçileri ýurdumyzda iri gurluşyklaryň, şol sanda senagat desgalarynyň bina edilmegine, milli ykdysadyýetimize öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrylmagyna mynasyp goşant goşdular. Kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreler ýurdumyzda telekeçilik işini işjeňleşdirmek arkaly ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmäge gönükdirilendir.
Häzirki günlerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny üstünlikli jemlemek, Halkara Bitaraplyk gününi, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesini we Täze ýyl baýramyny zähmet sowgatlary bilen mynasyp garşylamak ugrunda yhlas edýärler. Telekeçiler halkymyzyň dürli görnüşli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, täze görnüşli harytlaryň önümçiligini we ýokary hilli hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegini ýola goýmakda netijeli işleri alyp barýarlar. Ýurdumyzyň söwda nokatlarynda we bazarlarynda ýokary hilli milli haryt nyşanly önümleriň bolçulygynyň üpjün edilmegi hususyýetçileriň alyp barýan işleriniň aýdyň miweleridir.
Öňdebaryjy dünýä tejribelerini öwrenmek, tejribeleri baýlaşdyrmak türkmen telekeçileriniň öňünde durýan wajyp wezipelerdir. Şu maksat bilen hususy pudagyň wekilleri Diýarymyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara forumlara, sergilere, ýarmarkalara işjeň gatnaşýarlar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň goňşy we beýleki döwletlere bolan saparlaryna türkmen işewürleriniň uly toparynyň gatnaşmagy hem ýurdumyzyň ykdysady ösüşini ilerletmek boýunça işlerde hususy pudaga uly ynam bildirilýändigini tassyklaýar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary hem işewürlik gurşawyny ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, hususy maýa goýumlary artdyrmak, hukuk ulgamynyň işewürlik üçin özüne çekijiligini üpjün etmek ýaly ugurlarda alnyp barylýan işlere özleriniň goşant goşýarlar. Agzalarymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, işewürleri tutanýerli zähmete ruhlandyrmaga, ykdysadyýetiň hususy pudagynyň we hyzmatlar böleginiň işini ilerletmäge, importyň ornuny tutýan önümçiligi hem-de eksport ugurly senagaty goldamaga gönükdirilen işlerde tapawutlanýarlar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygaryndan ruhlanyp, il-ýurt bähbitli işleri durmuşa geçirýän telekeçiler ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleri öndürmek, sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribeleri önümçilige ornaşdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek üçin mundan yhlasly zähmet çekýär.
Bizi şeýle ajaýyp durmuşda ýaşamaga, döretmäge uly mümkünçilkleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsyn aýdýarys, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il ýurt bähbitli işlerinde hemişe rowaçlyklar ýar bolmagyny arzuw edýäris!
Altynaý AKMYRADOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň hasabatçysy.