Watanymyzy ähli ulgamlar boýunça sazlaşykly ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak, halkara hyzmatdaşlygy berkidip, sebitde we bütin dünýäde parahat hem abadan durmuşy üpjün etmek türkmen halkynyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Biz bu hakykata Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň buýsançly wakalarynyň mysalynda-da aýdyň göz ýetirýäris.
Häzirki ajaýyp döwrümizde Türkmenistan dünýäde parahatçylygy we gülläp ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasaty alyp baryp, dost-doganlygyň merkezi hökmünde tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň tagallalary bilen dünýä döwletleri, aýratyn-da, goňşy ýurtlar bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy, köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Şunda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen syýasy, ykdysady, durmuş we medeni ugurlardaky hyzmatdaşlygy ilerletmäge, sebiti ösdürmek, abadançylygy berkitmek babatda ählumumy meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmak üçin tagallalar birleşdirilýär. Noýabr aýynda döwlet Baştutanymyzyň Özbegistanda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagy, şeýle hem ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň geçirilip, özara bähbitli ylalaşyklaryň gazanylmagy munuň aýdyň mysalydyr. 24-25-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary hem oňyn netijelere beslendi. Dostlukly ýurda guralan döwlet sapary gönüden-göni iki ýurduň arasyndaky mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde, ozalky bar bolan gatnaşyklary täze derejä çykarmakda ähmiýetli boldy. Döwlet saparynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki gepleşiklerde ara alnyp maslahatlaşylan meseleler hem-de gol çekilen resminamalar türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň geljegi uly mümkinçilikleriniň bardygyny we olary durmuşa geçirmek ugrunda netijeli ädimleriň ädilýändigini görkezdi. Şolaryň arasynda ylym-bilim ulgamynda hem hyzmatdaşlyga uly orun berlendigini bellemek gerek.
Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna saparynyň dowamynda goňşy ýurduň ýokary döwlet sylagy — «Altyn Kyran» ordeni bilen sylaglanmagy Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmakda, döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmekde, doganlyk halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, jebisleşmegine goşan goşandynyň belent ykrarydyr. Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasynyň «Ýokary derejeli dostluk» ordeni hem-de Gazagystan Respublikasynyň «Altyn Kyran» ordeni bilen sylaglanmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň amala aşyrýan syýasatynyň, asylly ýörelgeleriniň halkara giňişlikde giňden goldanylýandygyny äşgär edýän buýsançly ýagdaýdyr.
Bu gün ýurdumyz oňyn özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Milli kanunçylygyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, ykdysadyýetiň pudaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde ýokary görkezijiler gazanylýar. Halkymyzyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek boýunça işler yzygiderli dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Bu gün Türkmenistan dürli ugurlar boýunça iri halkara maslahatlaryň, forumlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi.
Berkarar Watanymyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler ildeşlerimizi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna jebisleşip, tutanýerli zähmet çekmäge, bagtyýar zamanamyzyň hözirini görüp ýaşamaga, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar. Halkymyzyň bagtyýar hem abadan durmuşynyň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli we umumadamzat ähmiýetli işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Şemşat BAÝRAMGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Umumy bölüminiň müdiri.