Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

YKDYSADYÝETIŇ HEREKETLENDIRIJI GÜÝJI

Hormatly Prezidentimiz ýaňy ýakynda, has takygy, 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 2-ne Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak, şeýle hem Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Bu dabaralaryň ýurdumyzda giňden bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwletimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de gurluşyk pudagydyr. Soňky ýyllaryň dowamynda gurlup ulanylmaga berlen dürli maksatly desgalar hormatly Prezidentimiziň döredijilikli syýasatynyň oňyn netijesidir, ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan Watanymyzyň barha artýan kuwwatynyň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän bu strategiýanyň netijesinde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleriň dürli görnüşlerini öndürýän senagat kärhanalary gurlup ulanylmaga berilýär we häzirki zaman ulag we durmuş düzümleri kemala getirilýär. Giň gerimli ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de ägirt uly taslamalaryň biri bolan ajaýyp Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp baryl- ýar. Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň kuwwatlyklary, şol sanda ýerli çig maldan öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň önümçilik binýadynyň kuwwatlyklary artdyrylýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, şäher we oba ýerlerini ösdürmek, ýurdy senagatlaşdyrmak, ulag-logistika düzümlerini döretmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyn-da eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny zähmet sowgatlary bilen garşylamak maksady bilen, ýurdumyzyň halk hojalygynyň beýleki toplumlary bilen birlikde türkmen telekeçilerimiz tarapyndan gurluşyk ulgamynda hem döredijilikli işler alnyp barylýar. Dürli ugurlarda, şol sanda gurluşyk pudagynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri asyrlara barabar bitirilen işler hökmünde häsiýetlendirmek bolar.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Diýarymyz ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Medeni-durmuş, senagat maksatly desgalaryň, energetika toplumlarynyň, gaz geçiriji ulgamlaryň, ýol-ulag düzüminiň gurluşygy barha giň gerime eýe bolýar. Bu bolsa eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklary we ilatymyzy ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa senagat önümleri bilen doly üpjün etmäge hem-de olaryň eksportyny artdyrmaga uly mümkinçilik berýär. Şeýle hem oba hojalygynda, azyk senagatynda, gaýtadan işleýän önümçilikde, gurluşykda, gurluşyk serişdeleriniň we elektrik enjamlarynyň, öý-hojalyk tehnikasynyň önümçiliklerinde, söwda, bilim, durmuş hyzmatlary, ulag-logistika ulgamlarynda, halk senetçiliginde üstünlikli işleri amala aşyrmaklykda biz telekeçilere giň mümkinçilikler, şertler döredilýär.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşini üpjün etmek ugrunda alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Berdimyrat GARLYÝEW, «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasynyň direktory, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň Müdiriýetiniň agzasy.