Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

HYZMATDAŞLYK GATNAŞYKLARY TÄZE DEREJÄ ÇYKÝAR

Hyzmatdaşlyk, dost-doganlyk, ösüş we abadançylyk hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ýörelgeleridir. Häzirki döwürde ýurdumyz dünýä döwletleri, hususan-da, goňşy ýurtlar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 16-17-nji noýabrda Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyryp, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagy hem bu ugurda nobatdaky möhüm ädime öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyz sammitiň dowamynda eden çuňňur manyly çykyşynda sebit derejesinde, halkara meýdançalarda, hususan-da, BMG-niň çäklerinde ýakyn syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň sebitiň ähli döwletleriniň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegini talap edýändigine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz ulag, energetika, söwda ulgamlaryny, senagat we tehnologik kooperasiýany hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Senagatda we obasenagat toplumynda önümçilik zynjyrlarynyň döredilmegi, ýurtlarymyzyň çäklerinde dürli ugurly bilelikdäki kärhanalary döretmäge işewür toparlaryň has işjeň gatnaşmagy, serhetýaka, sebit söwdasynyň, ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, suw, ekologiýa meseleleriniň netijeli çözülmegi wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama hem-de birnäçe resminamalara gol çekilmegi ählumumy bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda anyk ädimleriň ädilýändiginiň nyşanyna öwrüldi.

Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde dostlukly ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine garaldy. Hormatly Prezidentimiz iki ýurduň arasynda söwda ulgamyndaky mümkinçilikleri durmuşa geçirmek, Aşgabatda we Daşkentde iki ýurduň söwda öýlerini açmak bilen baglanyşykly başlangyçlary öňe sürdi. Gepleşikleriň jemleri boýunça köp sanly resminamalara gol çekilmegi iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine şaýatlyk edýär.

Saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň Özbegistanyň ýokary döwlet sylagy bolan «Ýokary derejeli dostluk» (Oliý Darajali Dustlik) ordeni bilen dabaraly ýagdaýda sylaglanmagy Türkmenistana we türkmen halkyna belent hormatyň nobatdaky nyşanyna öwrüldi. 

Hormatly Prezidentimiziň we Özbegistanyň Baştutanynyň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň dabaraly ýagdaýda açylmagy taryhy ähmiýetli wakalaryň üstüni ýetirip, halkymyzyň kalbyny joşdurdy. Açylyş dabarasyna milli ykdysadyýetiň düzüminde paýy barha artýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem gatnaşyp, bu ýerde öz önümlerini doganlyk ýurduň halkyna hödürlemäge mümkinçilik aldylar. Bu merkez ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygyny artdyrmaga, türkmen we özbek telekeçileriniň arasynda hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge giň mümkinçilikleri açýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň berkidilmeginde işewürlik düzümlerine hem mynasyp orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlara amala aşyrýan ýokary derejedäki saparlaryna hususy pudagyň wekilleriniň hem gatnaşýandygy munuň aýdyň mysalydyr. Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň işläp başlamagy bolsa goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmakda alnyp barylýan asylly işleriň aýdyň mysalydyr.

Şemşat BAÝRAMGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Umumy bölüminiň müdiri.