Mälim bolşy ýaly, 6-njy noýabrda Gahryman Arkadagymyz Bitaraplyk baýramynyň çärelerini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. 12-nji dekabrda paýtagtymyzda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumy iri çäreleriň biri bolar. Türkmenistan Bitaraplyk syýasy-hukuk derejesi BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen döwlet hökmünde halkara jemgyýetçiligi dünýäde abadan, howpsuz, durnukly ösüşi üpjün etmekde halkara dialog medeniýetiniň ornuny ýokarlandyrmaga çagyrýar. Bu ýörelgäniň ähmiýeti dialogyň — gepleşikler meýdançasynyň döwletleriň we halklaryň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde ileri tutulýanlygyndadyr.
Taryha nazar aýlanyňda, türkmenleriň dürli döwürlerde esaslandyran döwletleriniň hemişe gurmaga, döretmäge, halklary asuda hem abadan ýaşatmaga ymtylandygyny görmek bolýar. Bu gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň saýlap alan ýoly hem gurmagyň we döretmegiň röwşen menzillerine uzaýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazanmagymyz bilen döwlet berkararlygynyň binýady berkidilen bolsa, hemişelik Bitaraplygymyz adamzadyň abadançylygyny, Ýer ýüzünde parahatçylygy rowaçlandyrmagy maksat edinýän döredijilikli taglymatymyzy dünýä ýaýmaga giň ýol açdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda gysga döwürde belent sepgitlere ýetildi, eziz Watanymyzyň şan-şöhraty dünýä doldy. Bu gün üsti hem, asty hem genji-hazyna bolan eziz Diýarymyzyň tebigy baýlyklary halkymyzyň tutanýerli zähmeti bilen özleşdirilip, ykdysadyýetiň pudaklary sazlaşykly ösdürilýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň, döwrebap şäherçeleriň, obalaryň gurulmagy, her günümiziň toý-baýrama beslenmegi agzybirlikden, jebislikden, halallykdan, ynsanperwerlikden nyşan.
Jemgyýetiň we döwletiň ösüş ýolunda abadançylygyň hem durnuklylygyň berkidilmeginiň esasy şertleriň biri bolup durýandygy äşgär hakykat. Ýurduň tebigy baýlyklarynyň özleşdirilip, ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagy bolsa jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady ösüşiň täze tapgyryny emele getirýär. Jemgyýetiň jebisligi, döwletiň berkararlygy berkidilenden soň, ösüşiň nobatdaky tapgyryna gadam goýulýar. Täze taryhy döwürde Türkmenistan ösüşiň hil taýdan täze derejesini nazarlap, has belent sepgitlere ymtylýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň sentýabr aýynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris. Agzybirlikde we bitewülikde ýurdumyzy ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletlilik ýoluny ynamly dowam etdireris» diýip, döwletimiziň saýlap alan syýasy ugrunyň esasy maksatlaryny anyk beýan etdi.
Syýasy ugur döwletiň öňde goýýan maksadyny häsiýetlendirýän bolsa, oňa ýetmek üçin zerur bolan maddy binýat we serişdeler kuwwaty ykdysady ulgamda döredilýär. Döwlet Baştutanymyz 24-25-nji oktýabrda Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň dowamynda Türkmen-italýan işewürlik maslahatynda eden çykyşynda Türkmenistanyň strategik maksatlaryna ýetmegiň, ösüş gazanmagyň möhüm çelgilerini, esasan, dört ugurda görýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz senagat jemgyýetini döretmegi, ykdysadyýeti hem düzümleýin, hem-de geografik taýdan diwersifikasiýalaşdyrmagy, döwrebap ulag-logistika infrastrukturasyny yzygiderli ösdürmegi, energiýa serişdeleriniň eksportyny giňeltmegi şol ugurlaryň hatarynda görkezdi. Häzirki döwürde bu ugurlara laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysady-geografik mümkinçilikleri durmuşa geçirilip, Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady giňişligindäki orny berkidilýär.
Ýurdumyzda innowasion tehnologiýalaryň kömegi arkaly ýokary hilli harytlaryň öndürilmegi hem-de zähmet bölünişiginiň ösen derejesi, şäherleriň çäginiň giňeldilmegi, infrastruktura düzümleriniň yzygiderli kämilleşdirilmegi, ilatyň ýokary işjeňligi hem-de ykdysadyýetiň düzüminde senagatyň we telekeçiligiň paýynyň artmagy Türkmenistanda ösen senagat jemgyýetiniň kemala gelýändiginiň aýdyň görkezijileridir. Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gaýtadan işläp, ýokary hilli harytlary öndürýän kuwwatly senagat düzümleriniň artmagy, çig mallaryň we taýýar önümleriň eksport ugurlarynyň giňeldilmegi, maýa goýum çeşmeleriniň köpelmegi milli ykdysadyýetimizdäki ynamly ädimlerden habar berýär. Ulaglaryň dürli görnüşleri üçin niýetlenen häzirki zaman düzümleriniň döredilmegi, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýollaryňdyr köprüleriň gurulmagy, döwrebap ulag serişdeleriniň satyn alynmagy, ýurdumyzyň halkara logistika geçelgeleriniň möhüm halkasyna öwrülmegi ykdysady işjeňligi ýokarlandyryp, harytlary dünýä bazaryna bökdençsiz çykarmaga ýardam edýär.
Bu gün türkmen döwleti diňe bir ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly bolmak bilen çäklenmän, hoşniýetli hyzmatdaşlyk üçin gapylaryny giňden açýan sahawatly ýurt hökmünde-de tanalýar. Diňe soňky bir aýa barabar döwürde ýurdumyzda ýangyç-energetika, gurluşyk, senagat, ulag, aragatnaşyk pudaklarynda durnukly ösüşi nazarlaýan iri halkara forumlar geçirilip, olara daşary ýurtly işewürleriňdir abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň ýüzlerçesi gatnaşdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 20-nji oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçiriji taslamasynyň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna ak pata bermegi bolsa sebitde abadançylygy we dost-doganlygy pugtalandyryp, uzak möhletleýin esasda durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen anyk tagallalaryň nyşanyna öwrüldi. Hormatly Arkadagymyzyň taryhy ähmiýetli waka mynasybetli eden çykyşynda bu taslamalaryň umumy maksada — biziň ýurtlarymyzyň uzak möhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge we sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendigini bellemegi hem bu hakykatyň beýanydyr.
Saparmyrat OWGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.