Bitaraplyk - döwletleriň halkara syýasatynda aýratyn orny bolan we özboluşly aýratynlyklary bilen tanalýan syýasatdyr. Türkmenistan ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty, bu döwletiň halkara gatnaşyklarynda özüni özboluşly nusgalar bilen görkezmegini üpjün edýän esasy ýörelgelerden biridir. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi, onuň ýokary diplomatik çözgütleri, parahatçylyk, howpsuzlyk we ykdysady ösüşe bolan uly tejribesini görkezýär.
Bitaraplygyň Döwlet Syýasatyndaky orny barada aýdanymyzda bolsa Türkmenistan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Bitaraplyk statusyny almagyndan başlady. Şol günden başlap, türkmen halky bu statusy ýurdumyzyň esasy syýasat ýörelgesi hökmünde kabul etdi. Bitaraplyk, ýurduň daşary syýasatynda, şol sanda ykdysady we diplomatik gatnaşyklarynda parahatçylyk ýoluny saýlamaga we daşary döwletler bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikler döretmäge ýardam edýär. Bitaraplyk syýasatynyň esasy maksady, ýurtlaryň arasynda diňe dostlukly, ýakyn hyzmatdaşlyk etmek we öz ýurdumyzyň howpsuzlygyny üpjün etmekdir. Türkmenistan, halkara syýasatynda beýleki döwletleriň içki işlerine girmän, parahatçylyk we durnuklylygy guramak üçin möhüm rol oýnaýar. Bu möhüm ýörelge, ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesini artdyrýar we şol bir wagtyň özünde döwletler arasyndaky gatnaşyklarda ýolbeletlik ediji häsiýetini kesgitleýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama üç gezek ykrar edildi.Ynha şu ýyl hem Hemişelik Bitaraplygymyzy gazananymyza 30 ýyl bolýar. Şu döwür taryh üçin gysga wagt bolsa-da daşary döwletler bilen ýola goýulan, parahatçylyk, dost-doganlyk, ynsanperwerlik, gatnaşyklar ýokary derejelere ýetdi. Bu döwürde, Türkmenistan birnäçe esasy diplomatik başlangyçlara we halkara ylalaşyklaryna eýe boldy. Türkmenistan bu döwürde diňe bir öz bitaraplygyny gorap saklamak bilen çäklenmän, halkara ynsanperwer meselelerde hem ýokary ölçeglere ýetdi. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä derejesindäki diplomatik we ykdysady giňişlikde öz ornunyň berkemegini üpjün etdi.
Türkmenistan, BMG-nyň we beýleki halkara guramalaryň içinde parahatçylygy ýaýmak, çylşyrymly meselelere çözgüt tapmak, halkara üstaşyr ulag we energiýa geçelgeleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek ýaly ugurlarda hem möhüm meýdança bolup durýar. Türkmenistan öz Bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde, degişli döwletler bilen hyzmatdaşlyk edip, dürli ykdysady ugurlarda bähbitli başlangyçlar amala aşyrmak üçin mümkinçilikler döredýär. Şeýle-de, Türkmenistan halkara logistika ulgamyny ösdürmekde, şol bir wagtyň özünde sebit we dünýä derejesindäki howpsuzlygyň üpjün edilmeginde hem uly orun eýeleýär. Şonuň üçin hem, Türkmenistan Watanymyz bu günki gün, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, dünýäniň dürli ýurtlary bilen halkara hyzmatdaşlygy, halkara gatnaşyklary barha pugtalandyrýar.
Bu geçen 30 ýyl Türkmenistanyň daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylandygyny we dünýäniň dürli ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň has giňeldilendigini görkezýär. Ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty uzak geljegi nazarlap, halkara gatnaşyklarynda Türkmenistanyň durnuklylygyny, parahatçylygyny, howpsuzlygyny we dünýä derejesindäki möhüm orny saklamaga mümkinçilik berer. Türkmenistan, bu ýörelgelerini dowam etdirip, dünýä ýurtlarynyň deňhukuklylygy we parahatçylygy ugrunda hem bimöçber işler alyp barýar.
Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty geçen döwürde parahatçylygy we durnuklulygy saklamakda ýokary tejribeleri we üstünlikleri özünde jemleýär. Geljekde hem hemişelik Bitaraplyk syýasatymyz ýene-de has täze başlangyçlara we hyzmatdaşlyklara giň mümkinçilikler açar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy gülläp ösdürmekde, dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk, ynsanperwerlik gatnaşyklaryny ýola goýmakda uly işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Leýla REJEPOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.