Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

BITARAPLYK — BEÝIK BAŞLANGYÇLARA BADALGA

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny barha işjeňleşdirýär. Gatnaşyklar täze mazmun bilen baýlaşýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda BMG bilen döwletimiziň alyp barýan syýasy gatnaşyklary has-da giň gerime eýe bolýar. Bu bolsa abraýly guramanyň ýurdumyza bildirýän belent ynamydyr. Döwlet Baştutanymyzyň Nýu-Ýork şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde eden taryhy çykyşy şeýle üstünlikleriň mynasyp dowamydyr. Hormatly Prezidentimiz: «Halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýar» diýmek bilen, berkarar döwletimiziň özara ynanyşmagy, düşünişmegi üpjün etmäge, dialog esasynda parahatçylygy berkitmäge, durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen çäreleri dowam etdirmäge taýýardygy barada aýratyn nygtap geçdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan BMG-niň iň ynamdar hyzmatdaşy hökmünde ykrar edilýär, uly abraýdan peýdalanýar. Bagtyýarlygyň we berkararlygyň ýoly bilen öňe barýan ata Watanymyz Merkezi Aziýa sebitinde ylalaşdyryjy merkez bolup çykyş edýär, şeýle-de dünýä döwletleriniň arasynda birek-birege hormat goýmagy, ynanyşmagy, özara düşünişmegi giňden wagyz edýär, parahatçylygyň tarapdary bolup durýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynyň plenar mejlisinde hormatly Prezidentimiziň halklaryň arasyndaky parahatçylygy hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmak maksady bilen, Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti meseleleri boýunça bütindünýä sammitini geçirmek, halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksini işläp taýýarlamak, şonuň esasynda halklaryň arasyndaky özara ylalaşmak, hormat goýmak, dünýä meselelerini bilelikde çözmek, hyzmatdaşlygy berkitmek ýaly ýörelgelerini dowam etdirmek boýunça teklipleri öňe sürmegi biziň ynsanperwerlige daýanýan oňyn syýasatymyzyň jahan içre dabaralanýandygyny görkezdi.

Türkmen Bitaraplygynyň gadyr-gymmatyny, halkymyzyň milli ýörelgelerini dünýä ýaýýan, ýurtlar bilen dost-doganlyk köprülerini berkidýän, ählumumy bähbitli beýik başlangyçlary öňe sürýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan tutumly işleri rowaç bolsun!

Tuwakgylyç WELIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Bereket etrap komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.