Her bir dogan Günüň şuglasy bilen älem-jahany ýagtylyga besleýşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary hem bagtyýar durmuşymyza röwşen nuruny saçýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp pursatlaryň biri-de, Lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň hem-de «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň halkymyza gowuşmagydyr.
Kitaba, çeper söze hormaty beýik halkymyzyň kalbynda egsilmez buýsanç döreden bu ajaýyp eserler il-günümiz tarapyndan gyzgyn garşylandy. Her bir oty melhem, topragy jana derman ata Watanymyzyň beýik ösüşlerinden hem-de halk lukmançylygyndan söhbet açýan gymmaty egsilmejek hazyna hakynda söhbet açmak bolsa göwünlere giňlik, pikirlere tereňlik bagyşlaýar.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleriniň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Bellenilişi ýaly «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildinde 107 sany dermanlyk ösümlik barada doly we düýpli maglumat berilýär. Bu kitap «Dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy» we «Maglumatnama» atly iki bölümden ybaratdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk lukmançylygynyň kämil nusgasy kemala geldi. Gahryman Arkadagymyzyň köp ýyllaryň dowamynda halkymyza sowgat edýän bu ajaýyp ylmy neşirinde türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy barada gürrüň berilýär. Halk lukmançylygynyň ylmy esasda öwrenilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolan bu ylmy neşirde müňlerçe dermanlyk ösümlikleriniň taýýarlanylyşy barada doly maglumat berilýär.
Bu köp jiltli ylmy neşir giň okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döredýär. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler, milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy iş dünýäniň köp dillerine terjime edilip, daşary ýurtly okyjylaryň millionlarçasyna hem elýeterli edildi. Ol ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýan hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi. Çünki kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinip, dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary, şeýle hem saklamagyň möhletleri baradaky maglumatlary özünde jemleýär.
Şoňa göräde, lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli kitabyndan taýýarlanylýan melhem çaýlary halkymyzyň saglygyny berkitmek üçin ýurdumyzda hyzmat edýän dermanhanalarda halkymyz tarapyndan uly isleg bildirilýär. Bu bolsa ajaýyp ylmy neşiriň halkymyzyň saglygyny goramak ýaly asylly işlerde guwandyryjy netijeleri berýändigine şaýatlyk edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp kitaby halkymyzyň ýakyn hemrasy. Bu ajaýyp kitap ynsan ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakda, keselleriň öňüni almakda ygtybarly gollanmadyr. Dermanlyk otlardan şypa tapýan ildeşlerimiziň sanynyň örän kändigini aýratyn bellemek gerek. Bu bolsa ynsan saglygyny goramak ýaly asylly işleriň Milli Liderimiziň döwet galamyndan, mübärek ylhamyndan kemal tapýan eserlerinden gözbaş alýandygyna şaýatlyk edýär.
Haýyrly, asylly işler ömrüň manysydyr, il-günüň alkyşydyr. Saglyk sahawatynyň sakasynda durup, şeýle beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize bagtyýar ildeşlerimiziň tüýs ýürekden çykýan sagbolsunlary çäksizdir. Il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Maksud TORAÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy.