Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

DÖWLETLI TUTUMLARA BADALGA BEREN TARYHY WAKA

Adamzat döräli bäri, Ýer ýüzünde dilleriň ýaýraýyş geografiýasy örän çuňdur. Türki dilleriň ýaýraýyş çägi hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Ylmy maglumatlara laýyklykda, türki diller maşgalasyna 30-dan gowrak türki dilli halklar degişli bolup durýar. Dilleriň birligi bolsa taryhy köküň, geçmişiň birligini alamatlandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII  sammitine gatnaşmagy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy ähmiýetli möhüm wakalarynyň biri boldy. 

Sammitiň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, gurama agza döwletleriň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek bilen bagly  möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Gahryman Arkadagymyzyň sammitde eden çykyşynda belleýşi ýaly, Türki Döwletleriň Guramasy biziň umumy taryhymyza, medeniýetimize, ruhy mirasymyza we dilimize esaslanýan dostlukly halklarymyzyň halkara guramasy bolup durýar. 

Gahryman Arkadagymyz: «Biz hemişe bir meseläni aýratyn nygtap geçýäris: biziň medeniýetimiz, dilimiz we däp-dessurlarymyz birdir. Bu umumylyk taryhy hakykata esaslanýar» diýmek bilen, häzirki döwürde türki halklaryň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmegi teklip etdi. Milli Liderimiziň taryhy sammitde öňe süren başlangyçlary taryhy köki bir bolan doganlyk döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam eder. 

Taryhy sammitiň many-mazmunyny baýlaşdyran şanly waka bolup, Türkmenistandan Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuly şäherinde metjidiň gurluşygyna sanly ulgam arkaly badalga berilmegi aýratyn ähmiýete eýe boldy. Gahryman Arkadagymyz dabaranyň dowamynda halkymyzda ýol gurmagyň, köpri gurmagyň, metjit gurmagyň sogap iş hasaplanýandygyny belledi. Ýeri gelende bellesek, metjidiň gurluşygynyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna «Aga-gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan bina ediler. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen gaznanyň serişdeleriniň hasabyna şeýle haýyrly, sahawatly işleriň ýerine ýetirilmegine gönükdirilmegi halkymyzyň döwletlilik ýörelgelerinden gözbaş alýar. Bir wagtda 500 adamyň tagat-ybadat etmegi üçin şertleri döretjek metjidiň çäginde sadaka jaýy hem bina ediler. Şeýle hem ajaýyp metjidiň şöhratly taryhy bilen tanalýan Fizuly şäherinde bina edilmeginde çuňňur many bardyr. Bu ýerde geçmişden söhbet açýan birnäçe taryhy ýadygärlikleriň bardygyny bellemek gerek. Halk döredijilik eserlerinde ady uly buýsanç bilen tutulýan Fizuly şäheri irki orta asyrlarda uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Taryhy şäherde bina ediljek metjit Bitarap Türkmenistanyň doganlyk Azerbaýjan Respublikasyna ajaýyp sowgady bolar.

Haýyrly işleriň halkara ähmiýetli taryhy wakalar bilen utgaşmagy milli däp-dessurlaryň, türki halklara mahsus ýörelgeleriň täze taryhy eýýamda has-da rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar. Ýeri gelende bellesek, taryhy, dili bir bolan doganlyk ýurtlaryň däp-dessurlary hem özboluşly meňzeşligi emele getirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilýän döwrebap metjidiň gurluşygynyň hususy telekeçilerimiz tarapyndan ýerine ýetiriljekdigi kalplara egsilmez guwanç we buýsanç bagyşlaýar. Halkara ähmiýetli, dost-doganlygyň nyşanyna öwrüljek ajaýyp desganyň gurluşygynyň türkmen telekeçilerine ynanylmagynda aýratyn uly many bar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen gurluşykçylarynyň yhlasly zähmet çekmegi üçin döredip berýän ähli mümkinçilikleriniň netijesinde halkara derejesinde bäsdeşlige ukyply hususy gurluşyk kärhanalarynyň gysga wagtda adygyp, şeýle döwletli tutumlara goşant goşjakdygy diňe bu ugurda iş alyp barýan telekeçileri däl, eýsem-de, dürli ugurlarda iş alyp barýan hususyýetçilerimizi diýseň buýsandyrýar. 

Döwletli işe şärik bolup, oňa goşant goşmak ynsan üçin belent mertebe hem uly ynamdyr. Şol mertebä eýe bolmak bagty nesip eden telekeçileriň röwşen geljegi nazarlaýan batly gadamlary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent ynamyndan ruhlanyp ýene-de täze menzillere, belent sepgitlere rowana bolar. Bu ynam şeýle taryhy pursatlara şaýat bolan türkmen telekeçileriniň kalbynda ýene bir öwre peýda boldy. 

Ynamyň berkeýän ýerinde beýik geljek bardyr. Hemaýat-goldawyň bar ýerinde galkynyş bardyr, ösüş bardyr. Şeýle galkynyşy, şeýle taryhy ösüşleri bagt paýymyza eçilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza türkmen telekeçileriniň sagbolsunlary çäksizdir. 

Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, halkara ähmiýetli durmuşa geçirýän döwletli tutumlary hemişe üstünliklere beslensin!

Gözel BARLYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy.