Bu gün Türkmenistan parahatçylyk, dostluk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip, tutuş Ýer ýüzünde ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyrýar. 7-nji oktýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy ýurdumyzyň sebit we halkara giňişligindäki möhüm ornuny, türki ýurtlar bilen ysnyşykly gatnaşyklaryny hem-de strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky ädimlere ygrarlylygyny aýdyň görkezdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sammitde eden çuň manyly çykyşy, ýurdumyzyň türki döwletler bileleşigindäki ornunyň berkemegine we hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşmagyna uly itergi berdi. Bu çykyşda öňe sürlen öňdengörüjilikli pikirler we teklipler sebitleýin gatnaşyklaryň has-da işjeňleşmegine hem-de türki ýurtlaryň arasynda ynanyşmagyň berkidilmegine hyzmat edýär.
XXI asyrda sebitleýin hyzmatdaşlyk ulgamynyň ösüşi dünýä syýasatynyň möhüm ugruna öwrüldi. Dünýä ykdysadyýetinde, syýasy ulgamda we medeni gatnaşyklarynda täze güýç merkezleri döreýär. Şolaryň biri hem türki ýurtlary özara jebisleşdirýän, olaryň umumy taryhy we medeni binýadyna esaslanýan Türki Döwletleriň Guramasydyr.
Düzümde synçy döwlet derejesine eýe bolan Türkmenistan bu gatnaşyklarda Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan ýörelgeleri bilen aýratyn orun eýeleýär. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda öňe sürülýän parahatçylykly hyzmatdaşlyk ýörelgesi türki ýurtlaryň özara gatnaşyklarynda durnukly ösüşe, deňhukuklylyga we ynanyşmaga daýanýan täze nusgany hödürleýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sammitde eden çykyşynda öňe sürlen pikirler bu möhüm duşuşygyň ideologik mazmunyny hasda baýlaşdyrdy. Milli Liderimiz çykyşynda türki döwletleriň gatnaşyklarynyň ruhy, medeni hem-de ykdysady esaslaryny berkitmegiň möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn nygtady.
Türkmenistanyň syýasy we halkara gatnaşyklarynda öňe sürýän ähli başlangyçlarynyň özeninde dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy, hyzmatdaşlygy hemde ynsanperwer gymmatlyklary ösdürmek ýörelgesi durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdaky çykyşynda hem şu ugurlarda uly ähmiýete eýe bolan pikirler beýan edildi.
Azerbaýjanda geçirilen XII sammit türki dünýäniň geljegine ýol görkezýän taryhy duşuşyk bolup, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da artdyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna iş saparynyň iň täsirli hem ýatda galyjy pursatlarynyň biride sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Oňa wekiliýet Baştutanlarynyň ählisi gatnaşdylar. Prezident Ilham Aliýew Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde metjidiň gurulýandygy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem ähli türkmen halkyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz hem bu günüň taryhy wakadygyny, halkymyzda ýol gurmagyň, köpri gurmagyň, metjit gurmagyň sogap iş hasaplanýandygyny belledi. Milli Liderimiziň: «Metjit — «Allanyň öýi». Şonuň üçin bu metjitde geljekde öten-geçenler ýatlanylar, ýurtlarymyzyň asudalygy we abadançylygy üçin doga-dilegler ediler. Bu ýerde ediljek doga-dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!» diýen sözleri dabara gatnaşyjylar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşylandy.
Soňra wekiliýet Baştutanlarynyň ählisi bir wagtda ekrana basmak arkaly metjidiň gurluşygyna badalga berdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň görkezmesi boýunça bu metjit Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna «Aga-gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan bina ediler.
Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri parahatçylygy, dost-doganlygy, ynsanperwerligi hem-de ruhy arassalygy beýik gymmatlyk hökmünde sarpalap gelýär. Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasly baştutanlygynda bu beýik ýörelgeler täze many-mazmuna eýe bolup, döwrebap görnüşde rowaçlanýar. Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyna metjit gurup, sowgat bermek baradaky başlangyjy halklaryň arasyndaky doganlygy we ruhy jebisligi has-da berkidýän hem-de taryhy ähmiýetli aýratyn uly wakadyr.
Bu metjit iki döwletiň halklarynyň ýürekden çykýan mähir-muhabbetiniň, ynanç taýdan umumy gymmatlyklara eýerýändiginiň, ruhy hem medeni hyzmatdaşlygynyň aýdyň nyşanydyr. Türkmen halky üçin metjit parahatlygyň, agzybirligiň, päkligiň mukaddes ojagydyr. Şonuň üçinde, Fizuli şäherinde guruljak metjit halklaryň arasynda dostluk we ynanyşmak duýgusynyň has-da berkemegine hyzmat eder.
Oguljeren KAZAKOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy.