Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nurana ertirleri hoş habarlar, kalba ylham bagyşlaýan şatlykly wakalar bilen dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletiň we jemgyýetiň gymmatly hazynasy bolan adam, onuň saglygy hakyndaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär, raýatlarymyzyň saglygyny goramak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär» diýip belleýşi ýaly, berkarar döwletimizde ynsan saglygyny goramak boýunça birnäçe işler alnyp barylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän şanly ýylynda saglygy goraýyş maksatly binalaryň düýbi tutuldy. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzda we welaýatlarda guruljak saglygy goraýyş maksatly binalaryň taslamalaryna seredilmegi has-da buýsandyryjydyr. Her ýylyň 10-njy oktýabrynda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde hormatly Prezidentimiziň gol çeken karary esasynda Daşoguz welaýatynda hem 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň binalar toplumynyň gurluşygyna dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, saglygy goraýyş işgärleriň gatnaşmagynda geçirilen dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk mynasybetli iberen gutlagynyň okalmagy bu günki çäräniň many-mazmunyny has-da artdyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen ulanylmaga berlen Daşoguz welaýat Köpugurly we Onkologiýa hassahanalarynyň binalary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirjek bu günki düýbi tutulýan täze desga berkarar döwletimizde eneligi we çagalygy goramakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmasy esasynda bina ediljek bu möhüm ähmiýetli desganyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Şadyýan gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetiriler. Bu bolsa ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak babatynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň aýdyň subutnamasydyr. Munuň üçin bagtyýar halkymyzyň Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary çäksizdir.
Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda ýurdumyzda ösen saglygy goraýyş ulgamy kemala geldi. Döwrebap saglygy goraýyş desgalary gurlup ulanylmaga berildi. Ynsan saglygyny gorajak şeýle döwlet ähmiýetli desgalaryň gurluşyk işleriniň türkmen telekeçilerine ynanylmagy bolsa has-da buýsandyryjydyr. Watanyň geljegi ýaş nesildir. Sagdyn nesli kemala getirmekde sagdyn enäniň bolmagy wajypdyr. Munuň üçin bolsa ýurdumyzda ähli mümkinçilikler bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen durmuşa geçirilýän saglygy goraýyş maksatly beýik işleriň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan durmuşa geçirilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Il saglygynyň goragynda durýan şeýle döwrebap desgalaryň gurluşygynda türkmen telekeçileriniň öndürijilikli zähmet çekýändigini hem bellemelidiris. Bu bolsa ýurdumyzda hususy pudagyň işiniň giň gerime eýe bolýandygyny hem-de il bähbitli, döwlet ähmiýetli işlere mynasyp goşant goşmakda türkmen telekeçileriniň mynasyp paýynyň bardygyna buýsanýarsyň.
Döwrümiziň galkynýan, toýlaryň toýlara ulaşýan günlerinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz we ähli halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Halkymyzyň saglygy, dünýäniň abadançylygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Baýramyňyz gutly bolsun!
Gözel BARLYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.