Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda ykdysady ösüşiň we halkyň abadan durmuşynyň üpjün edilmeginde telekeçilige möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan hem-de hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan ykdysady strategiýasynda ýurdumyzyň aň-paýhas we önümçilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişini artdyrmaga, ilat üçin durmuş maksatly binalary gurmaga uly ähmiýet berilýär. Iň häzirki zaman tehnologiýalary peýdalanýan, täzeçil çemeleşmeleri işe ornaşdyrýan telekeçiler milli ykdysadyýetiň gurluşyk, senagat, söwda, oba hojalygy, jemgyýetçilik iýmiti, hyzmatlar we beýleki pudaklarynda wajyp wezipeleri durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşýarlar. Bu gün türkmen işewürleri diňe bir milli derejedäki däl, eýsem, daşary ýurtlarda alnyp barylýan taslamalara hem goşant goşýarlar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ykdysady işjeňliginiň netijeleri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hususy pudagyň galkynmagy üçin berýän goldaw-hemaýatlarynyň, döredýän şert-mümkinçilikleriniň ajaýyp miweleridir. Häzirki wagtda milli işewürlerimiz diňe bir ykdysady we durmuş ugurly taslamalar bilen birlikde, halkymyzyň ruhy we medeni gymmatlyklary bilen baglanyşykly taslamalarda hem uly işjeňlik görkezýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň oktýabr aýynda bu hakykat has-da aýdyň ýüze çykýar. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň görkezmesi boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen «Sport ýyldyzy» we «Aga-gurluşyk» hususy kärhanalarynyň arasynda durmuş maksatly binalary gurmak we ozal bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekmek dabarasy boldy. Arkadag şäherinde ylalaşylan şertnamalara laýyklykda, «Sport ýyldyzy» hususy kärhanasyna «Jahan» döredijilik merkeziniň binalaryny döwrebaplaşdyrmak we onuň çäginde köpugurly sport toplumyny gurmak hem-de «Şehitler» metjidini döwrebaplaşdyrmak, onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, «Aga-gurluşyk» hususy kärhanasyna bolsa Azerbaýjan Respublikasynyň Fizuli şäherinde guruljak metjidiň taslamasyny taýýarlamak we ony gurmak işlerini ýerine ýetirmek ynanyldy.
Şeýle jogapkärli işleriň, aýratyn-da, doganlyk Azerbaýjan Respublikasynda metjit gurmagyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan türkmen telekeçilerine ynanylmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr. Fizuli şäherinde düýbi tutulan metjit ynsanperwerligiň belent nusgasyna, agzybirligi, jebisligi we asylly işlere bolan ygrarlylygy baş ýörelge edinýän doganlyk halklarymyzyň haýyr işleri amal edýändiginiň nyşanyna öwrüler. Türkmen halkynyň azerbaýjan halkyna sowgady bolan bu metjit köňül tämizliginiň binasy bolar. Metjidiň gurluşygyny alyp barjak «Aga-gurluşyk» hususy kärhanasy ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda iri taslamalaryň birnäçesini üstünlikli ýerine ýetirip, abraý gazanan kärhanalaryň biridir. Şoňa görä-de, täze binanyň gurluşygynyň hem ýokary hilli ýerine ýetiriljekdigine berk ynanýarys.
Ýurdumyzda hususy pudagy ösdürip, telekeçileriň milli ykdysadyýetiň galkynmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna mynasyp goşant goşmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Yhlas YMAMGULYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.