Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň her bir güni zähmet üstünliklerine beslenip, şanly wakalary bilen dabaralanýar. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän guwançly wakalar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň ösüş-özgerişli menzilleriniň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýeňişli sepgitleri, şanly wakalary il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär. Şu ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi milli demokratiýamyzyň dabaralanmasy boldy. Halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden we häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik kadalaryndan ugur alnyp geçirilen bu forum jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň we dürli nesilleriň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirildi.
Mejlisde Türkmenistan döwletimizi durmuş we medeni taýdan sazlaşykly ösdürmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ählihalk forumynda hormatly Prezidentimiziň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuň manyly çykyşlary üns berlip diňlenildi. Çykyşlarda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi mundan beýläk-de okgunly ösdürmek bilen bagly öňde durýan wajyp wezipeler kesgitlenildi. Elbetde, jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçen bu taryhy wakanyň şaýady bolmak bagtyýarlykdan nyşan. Şeýle hem bu taryhy mejlisde döwletimiziň ösüşinde ýetilen belent sepgitleriň, ýerine ýetirilen tutumly işleriň jemi jemlenip, şu günki taryhy döwürde öňde durýan wajyp meselelere garaldy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çykyşynda şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterim derejede durnukly saklanýandygy, degişli maksatnama laýyklykda, ýurdumyzy ösdürmek üçin şu ýylyň ahyryna çenli 40 milliard 72 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlaryň özleşdiriljekdigi, şu ýyl täze iş orunlarynyň 3 müňden gowragynyň döredilip, ýakynda kabul edilen «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda bu ugurdaky tagallalaryň geljekde has-da ilerlediljekdigi barada beýan edilen mysallardyr maglumatlar bolsa döwrüň, döwletiň çarhynyň hut halkyň bähbidine aýlanýandygynyň güwäsidir.
Milli Liderimiziň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda aýdan sözleri aňymda aýlanýar: «Dünýäde şeýle bir mukaddes gymmatlyk bar. Oňa «Watan» diýilýär. Watana bolan söýgi ynsan üçin iň beýik söýgüdir. Mukaddes söýgüdir. Watana bolan söýgi ynsanyň tutuş ömrüni bezeýär. Kim Watanyny depesine täç eýlese, Watany hem ony başyna täç eýlär...». Bu sözlerde Garaşsyz Watanymyz üçin, onuň röwşen geljegi üçin tutuş halk bolup çekilýän zähmetiň manysy-maksady bar. Halk Maslahatynyň belent münberinden tutuş halkymyz üçin ýeneki mertebeli menzillere çagyryş bolup ýaýylýan çuňňur pähim-parasat bar.
Hormatly Prezidentimiz çykyşynda belleýşi ýaly, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň yzygiderli ösdürilmegi ilatymyzyň maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga şert döredýär. Munuň özi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň dowamynda döwletimiziň maýa goýum syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen tutumly işleriň rowaçlanýandygyny nygtap geçdi. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda gazanylýan üstünliklere, ykdysady ösüşiň depginini ýokarlandyrmak bilen bagly öňde durýan wajyp wezipelere ünsi çekdi. Mejlisde il-ýurt bähbitli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gazanylan üstünliklere seljerme berlip, abadan geljegimiziň wezipeleri kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiziň gol çeken karary esasynda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda il-halk, Watan üçin halal zähmet çekýän birnäçe raýatlarymyza, il sylagly ýaşulularymyza, kümüş saçly enelerimize hormatly atlar dakylyp, döwlet sylaglary gowşuryldy. Her ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýunyň öňýanynda gowşurylýan bu Şa serpaýlary ildeşlerimizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Munuň özi ýurdumyzda her bir çekilýän zähmete uly baha berilýändigine şaýatlyk edýär.
Halkymyza şeýle ajaýyp zamanany, bagtyýar durmuşy peşgeş beren ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Myratgeldi ANNAÖWEZOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary.