Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

HALKARA ÄHMIÝETLI MÖHÜM BAŞLANGYÇLAR

Ynsan ömri ýagşy oý-pikirlerden, adamzat üçin wajyp meseleleriň çözgüdini tapmakdan ybarat. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýokary derejeli plenar mejlisinde öňe süren başlangyçlary hem muny ýene-de bir aýdyňlygy bilen tassyklady. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nurana şuglasyna öwrülen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda aýratyn uly taryhy waka öwrülip, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Bilşimiz ýaly, Bitarap Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martyndan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, geçen gysga wagtyň dowamynda özüniň halkara abraýyny belende götermegi başaran ýurtlaryň biridir. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy Bitarap Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýokary derejeli plenar mejlisinde eden çykyşynda halkara ähmiýetli möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Şolaryň hatarynda Bitarap Türkmenistanyň şu gezekki sessiýanyň dowamynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek hem-de pugtalandyrmak işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň taslamasyny hödürländigini bellemek gerek. Bu babatda alnanda Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolmak bilen, dünýäde we sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini üpjün etmekde we pugtalandyrmakda bitaraplyk syýasatyna möhüm ähmiýet berýär. Bu başlangyjyň düýp özeni Bitaraplygyň dostlary toparyny döretmek başlangyjy bilen çykyş eden Bitarap Türkmenistanyň birnäçe ýyl öňe süren teklipleriniň esasynda emele geldi. Bitaraplyk syýasaty halklaryň parahat, asuda we abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Şunda bitaraplygyň halklary doganlaşdyrmakda we dostlaşdyrmakda, Ýer ýüzünde parahatçylygy üpjün etmekde nusgalyk tejribäni dünýä ýaýar. Bu bolsa nurana we bagtyýar geljegiň kepilidir. Halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksini işläp taýýarlamak hem sammitiň esasy wezipeleriniň biri bolar. Şunda ählumumy ynanyşmak kodeksi ýurtlaryň özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmaga, dünýä meselelerini bilelikde çözmäge we hyzmatdaşlyk ýörelgeleri arkaly gatnaşyklary ýola goýmaga esas bolup hyzmat eder. Halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksiniň işlenip taýýarlanmagy Ýer ýüzüniň abadançylygynyň bähbidine oňyn täsir eder. 

Hormatly Prezidentimiziň öňe süren möhüm başlangyçlarynyň biri hem «Merkezi Aziýa – parahatçylykda ýaşamagyň giňişligi» atly halkara forumy geçirmek başlangyjydyr. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletleri özara ynanyşmagyň hem-de parahatçylygy ýörelge edinmegiň kämil nusgasyny döretdiler.  Şunda bu möhüm ähmiýetli forum halkara we sebit derejesinde parahatçylykly ýaşaýşyň abadançylyga we gülläp ösüşe ýetirýändigini subut etmekden ybaratdyr. Ýeri gelende bellesek, sebit ýurtlarynyň bu formatda alyp barýan işleri soňky ýyllarda has-da işjeňleşdirildi. Munuň netijesinde bolsa dürli ugurlarda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk täze hil derejesine çykaryldy. Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa döwletleriniň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurda gazanýan üstünlikleri, ýokary görkezijileri muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Halklar dost-dogan bolup, parahatçylykda ýaşalsa durmuş gülleýär, ykballar galkynýar. Bu babatda Halkara araçylyk gününi yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň taslamasynyň hödürlenilmegi hem şu belent maksatlardan we ýagşy arzuw-umytlardan gözbaş alýar. 

Ulag-üstaşyr hyzmatdaşlyk häzirki wagtda dünýäniň ünsüni özüne çeken möhüm meseleleriň biridir. Bu babatda Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan durnukly ulag ulgamyna degişli birnäçe Kararnamanyň kabul edilendigini hem bellemek gerek. Döwlet Baştutanymyzyň bu ýokary derejeli halkara forumynda öňe süren başlangyçlarynyň biri-de «2026 – 2035-nji ýyllar üçin BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny» yglan etmek başlangyjydyr. Munuň özi durnukly ulag ulgamy boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ilerletmekden we ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini we deňhukuklylyk ýörelgelerini üpjün eder. Şeýle «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamanyň taslamasy hem möhüm ähmiýete eýedir. Dünýä şugla saçmak giň manyda bolsa-da, bu durnukly söz düzümi bu beýik başlangyjyň esasynda durmuş hakykatyna öwrüler. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren bu başlangyjynyň sebit we halkara derejesinde möhüm ähmiýeti bardyr. 

Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy hem möhüm ähmiýete eýedir. Bilşimiz ýaly, Merkezi Aziýada çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkeziniň döredilmegi bu derwaýys meselä ylmy taýdan çemeleşmäge we bu babatda halkara tejribesini öwrenmäge ýardam eder. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren möhüm başlangyçlarynyň hatarynda Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmek we 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek ýaly başlangyçlary hem häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biridir. Halkara gatnaşyklar ulgamyny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy namalaryň hukuk binýadynyň berkidilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyzyň şu gezekki taryhy mejlisde öňe süren başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Bu beýik başlangyçlaryň gözbaşynda bolsa halklaryň dost-doganlygy, Ýer ýüzüniň parahatçylygy ýaly döwletli ýörelgeler durýar. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren beýik başlangyçlary hususy pudagyň wekilleri tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Munuň üçin bagtyýar halkymyzyň hormatly Prezidentimize sagbolsunlary çäksizdir. 

Türkmen Bitaraplygynyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini bütin dünýäde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Gözel BARLYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.