Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - ATA-BABALARYMYZDAN GELÝÄN ASYLLY ÝÖRELGÄNIŇ DOWAMY BOLDY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyz ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar, ähli ugurlarda uly üstünlikler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän maksatnamalaýyn işler, uzak geljegi nazarlap, halkyň bähbidine gönükdirilýär.

Ählimiziň bilşimiz ýaly her ýylda asylly däbe görä, ata-babalarymyzdan gelýän ýol–ýörelgä eýerip, Garaşsyzlyk baýramymyzyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisi geçirilýär. Ynha şu ýyl hem türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň nyşany bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisi uly üstünlikler bilen geçirildi. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýokary guramaçylykda geçirilen Halk Maslahaty jemgyýet bilen döwletiň arasynda berk köpri bolup, ykdysady, syýasy we jemgyýetçilik ösüşleriniň esasy ugruny kesgitleýän möhüm syýasy waka hökmünde uzak geljegi nazarlaýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Halk Maslahatynyň mejlisinde geçilen taryhy menzillere göz aýlamak, öňde duran wezipeleri kesgitläp, Garaşsyz döwletimiziň üstünliklerini berkitmek esasy maksadymyzdyr» diýip belleýşi ýaly, Il-halk bilen geçirilen bu döwletli maslahatda ýurdumyzyň geçen taryhy döwri, häzirki ösüşleri, geljekki belent maksatlary, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ösdürmek boýunça möhüm çözgütler ara alyp maslahatlaşyldy. Halkyň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagy bolsa demokratik ýörelgelerimizi ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen şöhlelendirdi.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öz çykyşynda «Diýarymyzda täze şäherçeleriň we obalaryň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üstünlikli dowam edýär. Ilatyň, aýratyn-da, ýaş maşgalalaryň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny satyn almagy üçin berilýän ýeňillikli we sarp ediş maksatly karzlaryň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Ýurdumyzda mätäçlik çekýän raýatlar üçin döwlet serişdeleriniň hasabyna ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary gurlup, goşmaça durmuş ýeňillikleri döredilýär. Bularyň ählisi mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen tutumly işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly mejlise gatnaşyjylar! Biziň ykdysady syýasatymyzyň baş maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny yzygiderli gowulandyrmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze iş orunlaryny döretmek, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şu ýylyň ahyryna çenli täze döredilen iş orunlarynyň sany 3 müňden gowrak bolar.» diýip aýtmagynyň özi hem geljekde halkyň hal-ýagdaýynyň mundan beýläk hem gowulanjakdygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýene-de bir Maslahatyň ähmiýetini artdyrýan wakalaryň biri bolan 2025-nji ýylyň 18-20-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady üstünliklerimizi aýdyňlygy bilen görkezýän Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň geçirilmegidir. Oňa ýurdumyzyň döwlet we hususy pudaklarynda önümçilik, harytlar we hyzmatlar boýunça iş alyp barýan edara-kärhanalar gatnaşdylar. Sergide täze önümlere aýratyn üns berildi. Sergä gatnaşyjylar üç günüň dowamynda Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny, hususyýetçileriň bu günki ýeten belentden-belent sepgitlerini aýdyňlygy bilen halka ýaýdy.

Ýurdumyzyň ösüş ýolunda geçirilýän bu möhüm wakalar Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan döwlet dolandyryş tejribesinden binýat tapýar. Pederlerimiz uly işleri başlanda, halk bilen maslahatlaşmagy, akyldar ýaşulularyň pikirini diňlemäni asylly ýörelge edinipdirler. Bu gün şol beýik däpler täzeden dowamat bolup, döwlet gurluşymyzyň möhüm binýadyna öwrülýär. Milliligimiz täzeçillik bilen utgaşdyrylyp, özygtyýarly abadan ýurdumyz, bagtyýar halkymyz uly ösüşler gazanýar. Ýurdumyzyň ösüşinde hususy pudagyň orny hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy milli hususyýetçiligiň işini güýçli depginde ösdürmäge mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda telekeçilerimiz «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgy bilen ýurdumyzda we dünýä bazarlarynda ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň giň görnüşini hödürleýärler. Türkmen telekeçileri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda hususy pudagy ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş durmuş şertlerini gowulandyrmak baradaky edýän aladalaryndan ruhlanyp işleýärler. Döwlet baştutanymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisinde «Biz geljekde hem kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmegi dowam etdireris» diýmegi bolsa, türkmen telekeçilerini ýene-de täze üstünliklere ruhlandyrdy.

Geçirilen bu taryhy Maslahadyň dowamynda ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda döredijilikli, halal zähmet çekýän ildeşlerimiziň bitirýän hyzmatlaryna ýokary baha berip, Watanymyzyň halkara abraýyny belende götermäge uly goşant goşan halk hojalygynyň dürli  pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolan dyryş edaralarynyň wekillerine, döredijilik işgärlerine, zähmet weteranlaryna hormatly atlar dakyldy, şa serpaýlary ýapyldy. Şolaryň arasynda hususy pudagyň wekilleriniň bolmagy bizi has-da buýsandyrdy, begendirdi.

Halkymyzyň asuda, parahat durmuşda bolelin ýaşamagy ugrunda uly aladalary edýän, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Leýla REJEPOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri