Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda agzybir halkymyz «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrylan şanly ýylymyza belent maksatlar, nesillere aşyp gelen ynsanperwer ýörelgeler, hoşniýetli ak arzuwlar, bedew batly okgunly ösüşler bilen toýdur baýramlara beslenip ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenip gelýär. Her bir toýy uly dabara bilen belleýän Türkmen halkymyzyň ýene bir toýy Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan, uludan toýlanylan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy bosagada dur. Garaşsyzlyk ýyllarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz merdana türkmen halkynyň at-owazasyny äleme ýaýdy, milletiň mertebesini parahatçylyk söýüji, ynsanperwer halk hökmünde jümle-jahana ykrar etdi.
Garaşsyzlyk halkyň Arşa ganat açmasy, milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem-de parahatlyk mukamy bolup durýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen bagtynyň täze belentlige göterilmesidir, ruhunyň we mertebesiniň dabaralanmasydyr. Çünki Garaşsyzlyk zamanynda merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde ýaşadan arzuw-umytlary, erk-islegleri täze öwüşginde hasyl boldy. Garaşsyzlyk halkyň bagtyýar ertirine uzaýan ak ýoluna baky öçmejek ýalkym saçdy. Garaşsyzlygyň şöhratly ýollarynda amala aşyrylýan beýik işleriň her biri asyrlara barabar gahrymançylykly wakalardyr.
Garaşsyz, özbaşdak döwletlilik beýik pederleriň arzuwlan Watany. Türkmen halky bu gün öz bagtyna dünýä eşretleriniň el ýeterli durmuşynda ýaşaýan zamanasyna buýsanýar. Şöhratly taryhy gahrymançylyga beslenen merdana halkymyzyň özbaşdak, Garaşsyz döwlet baradaky asyrlar boýy edip gelen arzuwy 1991-nji ýylyň altyn güýzünde hasyl bolup, Garaşsyz türkmen döwleti emele geldi. Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjydyr.
Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem, arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Garaşsyzlyk biziň ýurdumyzda halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýyşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi, ol bu gün iň ýokary münberlerden dünýä ýaň salýar. Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen energetika, ulag, suw diplomatiýasyndaky halkara başlangyçlary we iş ýüzündäki anyk ädimleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar.
Ösüşlere beslenen Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşde öz baý tebigy serişdelerinden aýawly peýdalanmakda belent sepgitlere ýetdi Türkmenistan ykdysady ösüşiň netijelerini durmuş ulgamyny ösdürmäge, ýurduň gelejekki gülläp ösüşini üpjün etmäge ukyply ýokary intellektual we berk bedenli adam maýasyny kemala getirmäge gönükdirýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuş maksatly iri taslamalar amala aşyryldy, ylmy - bilim, medeni, we sport maksatly edaralaryň ösen giň toplumy döredildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasaty netijesinde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bu biziň ata Watanymyz Eziz Türkmenistandyr! Garaşsyzlygyň sütüni bolan hem-de ýurdumyzyň öňdengörüjilikli we netijeli halkara syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda uly orny eýeleýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen berkidilmegi şol taryhy ýoluň uly ähmiýetli wakasydyr. Bitaraplyk derejesi ýurdymyza Ýer ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde belent abraýa eýe bolmagyna, ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, türkmen jemgyýetiniň ruhy- medeni durmuşynda üstünlikleri gazanmakda onuň oňyn ornuny üpjün etmäge mümkinçilik berdi.
Halkymyzy beýik bagta ýetiren, türkmeniň adyny arşa göteren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, ýurt ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, tutuş türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys!
Akbäbek GULESENOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň baş hasapçysy.