Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

MASLAHATLY BIÇILEN DON GYSGA BOLMAZ

Agzybirlikde, jebislikde gurýan, döredýän we röwşen geljege ynamly barýan merdana halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýuny ýokary zähmet üstünlikleri bilen garşylamaga taýýarlyk görýär. Buýsanjyňa buýsanç goşýan şeýle ajaýyp günlerde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bolsa bagtyýar raýatlarymyzyň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterip, berkarar Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini hem-de adamlaryň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmekde öňde durýan täze wezipeleri kesgitlär, durmuşa geçirilýän giň gerimli işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslär. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, şu ýylyň 20-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hem-de ony ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararlaryna gol çekdi. Şeýlelikde, Halk Maslahatynyň şu ýylyň 19-njy sentýabrynda geçiriljek mejlisinde ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen işlere seljerme berlip, ähli ugurlarda gazanylan üstünliklerdir ýetilen sepgitleriň jemi jemleniler, şeýle hem öňde durýan täze wezipeler kesgitlenip, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli çözgütler kabul ediler. Gahryman Arkadagymyzyň mejlisdäki çuňňur manyly çykyşynda nygtaýşy ýaly, döwlet ähmiýetli soraglary çözmek, ýurdumyzda kabul edilýän maksatnamalary ýerine ýetirmäge halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläkde gülläp ösmegine ýardam bermek Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipesi bolup durýar. Şunda ata-babalarymyzyň «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen pähimine eýerip, öňde durýan wezipeleri halk bilen maslahatlaşyp kesgitlemek täze taryhy döwrümiziň esasy ýörelgesidir. Halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini yzygiderli gowulandyryp, has-da röwşen geljegini üpjün etmegiň hatyrasyna amala aşyrylmaly işler, durmuşa geçirilmeli çäreler barada il sylagly ýaşulular, jemgyýetçilik wekilleri bilen pikir alşylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşymyzyň ähli ugurlary ägirt uly ösüşlere beslenýär. Badalga berilýän asylly başlangyçlardyr halkara ähmiýetli taslamalar berkarar Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterip, halkymyzyň ýaşaýyş- durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny gazanmaga mümkinçilik berýär. Adam hakyndaky alada ýugrulan we ösüşiň täze belentliklerine ýol açýan giň gerimli işler Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan dine halky bilen Watandyr! Döwlet dine halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgeleriniň miwesidir. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde bu babatda gazanylýan üstünlikleri berkitmegiň esasy ugurlary kesgitlener. Ýurdumyzyň durmuş- ykdysady taýdan ösüşini has-da çaltlandyrmaga, maýa goýum işjeňligini artdyryp, täze önümçilikleri döretmäge, hususy telekeçiligi ösdürmäge, dürli ugurlar boýunça özgertmeleri üstünlikli dowam etdirip, ahyrky netijede, her bir adam üçin amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmäge gönükdirilen işler öňde durýan wezipeleriň esasyny düzýär. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwletli tutumlarynda, ilki bilen, adamyň bähbidi, onuň durmuş taýdan goraglylygy hem-de döwletiň ykdysady ösüşi, jemgyýetiň howpsuzlygy möhüm orun alýar. Şeýle durmuş zerurlyklary biziň Baş Kanunymyzda hem öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzda raýatlaryň kanuny-hukuk ýagdaýlaryny goramak, ýaşaýyş derejelerini gowulandyrmak, bähbitleri bir maksada öwürmek, syýasy-ykdysady ösüşi gazanmakda raýatlary watansöýüjilik ruhunda päk zähmet çekmäge çagyrmak ýaly işlerde Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriniň agzalarynyň agzybirlikli zähmetlerine uly ynam bildirýär, ýokary baha berýär. 

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri möhüm meseleleri bilelikde, ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däbine daýanyp ara alyp maslahatlaşypdyr we çözüpdir. Häzirki döwürde bu asylly däpler Halk Maslahatynyň işinde öz beýanyny tapýar. Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasydyr. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda kanunlar döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirilip, halk bähbitli, döwlet ähmiýetli çözgütlere aýratyn üns berilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýurdumyzyň ösüş ýoluny şan-şöhrata beslemek biziň el-ele berip, birek-birege düşünip, ähli gujur-gaýratymyzy bir ýere jemläp, halal zähmet çekip  gazanjak ýeňişlerimize baglydyr» diýip nygtaýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini kadaly alyp barmak üçin onuň hemişelik hereket edýän Prezidiumynyň döredilmegi we düzüminiň kesgitlenmegi aýratyn ähmiýetlidir. Prezidium Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerine taýýarlyk görmek boýunça işi guraýar, onuň mejlisleriniň gün tertibiniň taslamasyna meseleleri girizmek hakynda çözgütleri kabul edýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatyny çagyrmak we geçirmek bilen baglanyşykly we öz ygtyýarlyklaryna degişli beýleki meseleleri çözýär.  Hukuk ulgamyny kämilleşdirmek, raýat jemgyýetini ösdürmek  döwlet bilen raýatlaryň arasynda sazlaşykly gatnaşyklary üpjün etmek milli ýörelgelerimize esaslanýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ata-babalarymyzyň adalaty ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmeginiň mümkinçiliklerini has-da ýokarlandyrmak, akyldar, ylymdar, il bähbidini araýan geňeşdarlary ýygnap, karara gelmek ýörelgesi bilen umumy esasy aňladyp, halk bähbitli çözgütleri belent maksatlar hakyndaky pikir-garaýyşlar diňlenip, taryhy çözgütler amala aşyrylar. 

Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly pentleri öwüt-ündewleri, milli ýörelgeleri ähli ynsanlar üçin durmuş mekdebidir. Halkymyzyň bähbitlerini ähli zatlardan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun döwletli tutumlary nazarlaýan beýik maksatnamalary has-da rowaçlansyn.

Ogulbäbek NURGULYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň baş hasapçysy.