Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

HYZMATDAŞLYK ARKALY GÜLLÄP ÖSÜŞ

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda gülläp ösüşleriň röwşen ýolunda ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dürli ugurlar boýunça giň gerimli forumlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. 4 — 8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty hem tutuş sebitde şeýle derejede geçirilýän iri forumlaryň biri bolup, berkarar Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnama kabul edilip, bu wekilçilikli çäräni Türkmenistanda guramak barada çözgüt kabul edildi. «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe-ýardam bermek» atly mowzuk bilen geçirilmegi meýilleşdirilýän forum BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler babatda her 10 ýyldan bir gezek guraýan maslahatlarynyň üçünjisidir. Möhüm çäreleriň birnäçesini öz içine alýan maslahata Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Munuň özi ýurdumyzyň bütin adamzadyň bähbidine gönükdirilen asylly başlangyçlaryna halkara giňişlikde uly hormat goýulýandygyny görkezýär. Şeýle iri forumy ýokary derejede guramak örän uly jogapkärçiligi, tutanýerli hem-de yhlasly zähmeti talap edýär. Şoňa görä -de, oňa taýýarlygyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy.

Bu halkara forum deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan, az ösen we kiçi ada ýurtlarynyň, sebit hem -de halkara guramalaryň, iri kompaniýalaryň wekillerini bir ýere jemlär. Onuň gün tertibine häzirki zaman döwletara we halkara gatnaşyklarynda ileri tutulýan ugurlar -ykdysadyýet, söwda, senagat, ulag, energetika, maýa goýum, howpsuzlyk, ýokary tehnologiýalar, ekologiýa bilen baglanyşykly meseleler giriziler. Forumyň esasy maksady bolsa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmaga, sebitara we halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilendir. Bu meseleleriň oňyn çözgüdi dünýä derejesinde halkara gatnaşyklaryň hilini özgertmäge hem-de netijeligini artdyrmaga ýardam eder.

Eziz Diýarymyzda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi dünýäde hyzmatdaşlygy berkidip, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda tagallalary birleşdirmäge kuwwatly itergi berer.

Yhlas YMAMGULYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.