Häzirki wagtda gojaman Hazaryň türkmen kenaryna bezeg berip oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara jemgyýetçiligiň ünsüni barha özüne çekýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyna hem-de hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda bu ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiriler. Onuň çäklerinde hususy pudagyň forumyny geçirmek hem meýilleşdirilip, munuň özi maslahata gatnaşýan ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ählumumy bähbitli çözgütleri işläp taýýarlamakda we olary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe bolar.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz 13-nji iýulda guramaçylyk döwlet toparynyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi. Onda Milli Liderimiz 7 sany esasy ugur boýunça geçiriljek maslahata ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini nygtady. Olaryň hatarynda hususy pudagyň forumynyň hem bolmagy ýurdumyzda hususy işewürligiň barha rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna hem-de BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna beslenýän şu ýylda ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmek boýunça toplumlaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasyny işjeňleşdirmegi öňe sürýär. Bu barada Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda hem bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, Awaza forumynyň esasy maksady hem durmuş abadançylygy we ykdysady ösüş üçin hyzmatdaşlygy ilerletmek bilen baglanyşyklydyr.
Ýeri gelende bellesek, hususy pudagyň forumynda Günorta-Günorta hyzmatdaşlygynyň çäklerinde halkara işewür gatnaşyklary ösdürmegiň giň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar. Bu forum ýokary derejeli açylyş dialogyny, dört sany mowzuklaýyn mejlisi, aragatnaşyk we sergi meýdançalaryny öz içine alyp, degişli bölümlerde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň söwdasy we üstaşyr geçirmek, ösüş mümkinçilikleri, sanlylaşdyrmak, maliýeleşdirmek, maýa goýum syýasaty hakynda pikir alşylar, bular babatda täze garaýyşlardyr başlangyçlar öňe sürler. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin BMG-niň indiki onýyllyk ösüş maksatnamasy işlenip düzülende, hususy pudagy ösdürmek bilen bagly meseleleriň göz öňünde tutulmagy bolsa forumyň esasy netijeleriniň biri bolar.
Mundan başga-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda köp sanly çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi öňde boljak maslahatyň esasy aýratynlygydyr. Şolaryň hatarynda mazmunlaýyn «tegelek stol» duşuşyklary, ýokary derejeli forumlar, gatnaşyjy ýurtlar, halkara guramalar we düzümler hem-de ýurdumyz tarapyndan geçiriljek ugurdaş çäreler bar. Ýörite sergiler, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleri, milli tagamlaryň festiwaly, medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti forumyň mazmunyny baýlaşdyrar. Daşary ýurtly myhmanlar halkymyzyň täsin taryhy-medeni mirasy, özboluşly däp-dessurlary bilen ýakyndan tanşyp bilerler. Umuman, maslahat bilen ugurdaşlykda geçiriljek giň gerimli çäreler döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, dostlukly gatnaşyklaryň, özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň berkidilmegine ýardam etmäge gönükdirilendir. Munuň özi deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlara berilýän ählumumy goldawlary utgaşdyrmaga, özara bähbitli döwletara, sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna goşant goşmaga ýardam berer.
Dünýäde parahatçylygyň dabaralanmagyna, hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli işleri üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Toýmämmet HAJYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.