Türkmenistanyň saýlap alan innowasion ösüş nusgasy ähli ulgamlaryň hem-de pudaklaryň hünärmenlerinden ýokary hünär ussatlygyny, ylmy mümkinçilikleriň yzygiderli artdyrylmagyny talap edýär. Munuň özi döwrebap aň-düşünjeli nesli kemala getirmekden, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn bilimli, döredijilikli pikirlenýän, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 27-nji iýunynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren mejlisinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň kararyny makullap, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda Permana gol çekmegi aýratyn ähmiýete eýe boldy. Açylmagyna taýýarlyk görülýän ýokary okuw mekdebine 2025-2026-njy okuw ýylyndan bakalawr maksatnamasy boýunça talyplar okuwa kabul ediler.
Bazar gatnaşyklarynyň aýrylmaz düzüm bölegi hökmünde telekeçiligi ösdürmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir. Ykdysadyýetiň hususy bölegini ösdürmek we goldamak meseleleri döwletimiziň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Türkmen telekeçileri Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine barha işjeň gatnaşýarlar hem-de halk hojalygynyň dürli pudaklarynda netijeli iş alyp barýarlar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» döwletiň we hususy pudagyň özara hyzmatdaşlygyna, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyna, bazar gatnaşyklary şertlerinde alnyp barylýan işlere telekeçileriň işjeň çekilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Işewürlik gurşawyny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işleriň, kiçi we orta telekeçiligiň geriminiň giňemegi esasynda ykdysadyýetde hususy pudagyň paýy yzygiderli artýar. «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» kiçi we orta işewürligi mundan beýläk-de döwlet tarapyndan goldamak, telekeçilik işini kämilleşdirmegiň hasabyna ykdysadyýetde hususy taraplaryň paýyny artdyrmak meýilleşdirilýär.
Şu jähetden, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylmagy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygyndaky giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolar. Çünki täze innowasion ýokary okuw mekdebinde sapaklary geçmek üçin bellenilen tertipde daşary ýurtlardan mugallymlary we hünärmenleri çagyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi bu ýokary okuw mekdebi sanlyja ýyldan döwletimiziň işewürlik gurşawy üçin ýokary derejeli hünärmenleriň ýetişdirilýän esasy merkezine öwrülmegini şertlendirer. Şeýle hem uniwersitetde sanly ulgam arkaly okatmak usuly işjeň ösdüriler. Sebäbi ylmy-tehniki ösüşiň täze gazananlaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň häzirki döwrüne maksada okgunly, zähmetsöýer ýaş nesli kemala getirmek, döwrebap enjamlardan ussatlarça baş çykarýan ökde hünärmenleri taýýarlamak üçin bilim ulgamyny okgunly ösdürmek mahsusdyr.
Ýeri gelende, şu günler ýaşlaryň arasynda giň gerimli maglumat beriş, tanyşdyryş işi bilen utgaşan dalaşgärleri okuwa kabul etmek möwsüminiň üstünlikli dowam edýändigini bellemek gerek. Mekdebi tamamlan uçurymlar ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine, şol sanda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine resminamalaryny tabşyrdylar. Munuň özi ýaş oglan-gyzlaryň täze bilimleri öwrenmäge, netijede, Watanymyzyň intellektual, ykdysady kuwwatyna öz goşantlaryny goşmaga höweslidigini tassyklaýar.
Aýratyn bellemeli ýagdaý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynyň ýeten sepgitlerini görkezjek bu innowasion ýokary okuw mekdebinde okuwlary türkmen we iňlis dillerinde alyp barmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem uniwersitetiň okuw maksatnamalary esasynda ýaşlara döwrebap tejribeler, telekeçiligiň hukuk esaslary, işewürlik ýörelgeleri, sanly tehnologiýalar eýýamynyň möhüm bilimleri öwrediler, hünär başarnyklary kemala getiriler. Şu maksatlardan ugur alnyp, täze ýokary okuw mekdebinde dil öwreniş bölümi, hünär derejesini ýokarlandyryş fakulteti, işewürligiň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, oba hojalyk işewürligi, sanly tehnologiýalar, binagärlik we gurluşyk pudagynyň işewürligi fakultetleri döredildi.
Jemläp aýdanyňda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ilkinji ýokary okuw mekdebiniň döredilmegi ýurdumyzyň kuwwatly milli ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň birini emele getirýän hususy pudagy ösüşiň täze basgançaklaryna çykarjak ökde, döwrebap bilimlerden we innowasiýalardan baş çykarýan, kämil pikirli hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berer. Bu işiň netijeli ýola goýulmagy, öz gezeginde, döwletimiziň kuwwatly ösüşini, içerki we ählumumy işlerde onuň eýeleýän ornunyň berkidilmegini üpjün eder.
Güljeren MUHYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň hünärmeni.