Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda we dünýä-de parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, asudalygy, goramak parahatçylykly dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek ugrunda dünýä nusgalyk birnäçe üstünlikli işler alynyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler ýurdumyzyň jemgyýetçilik, ykdysady we halkara gatnaşyklary ulgamynda giň gerimli ösüşleri üpjün edýär. Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanmak bilen, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerini öňe sürýär. Bu ýörelgeler 2025-nji ýylda-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da giň gerime eýe bolýar. Şu ýylyň 4-8-nji awgust aralygynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji halkara maslahaty hem ýylyň möhüm wakalarynyň biri hökmünde bellenilýär. 4-8-nji awgust aralygynda Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy dünýäniň onlarça döwletiniň wekillerini kabul eder. Bu ýerde Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji halkara hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna ýol açar. Maslahatyň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara abraýynyň artýandygyny, onuň dünýä bileleşiginiň möhüm meselelerine işjeň gatnaşýandygyny görkezýär. Hazaryň ýakasynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy diňe bir dynç alyş toplumy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, häzirki wagtda halkara derejesindäki maslahatlary we forumlary geçirmek üçin doly üpjün edilen türkmen myhmansöýerliginiň merkezidir. «Awaza» ykdysady, medeni we diplomatik gatnaşygy ösdürmegiň täze binýady hökmünde çykyş edýär. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň halkara forumlary dünýäde çäkli geografik mümkinçilikli ýurtlaryň söwda, ulag ösüşinde ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini ara alyp maslahatlaşylýan giňişlik bolup çykyş edýär. Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli ösdürýär. Bu syýasat parahatçylyk söýüjilik, deňhukukly hyzmatdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine daýanýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji halkara maslahatynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarydygyny görkezýär. Bu başlangyç diňe bir ykdysady taýdan däl, syýasy we medeni taýdan hem ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirlendir. Bu çäreler sebitleýin hyzmatdaşlygyň medeni esaslaryny berkidýär, halklaryň arasynda dostluk we özara düşünişmek, halklaryň arasynda ynanyşmagyň we parahatçylygyň esaslaryny hem berkidýär, gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hyzmat edýär.Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň bütin dünýäde abadançylygy berkarar etmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşmak bilen, ýer ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň binýadyny pugtalandyrmakda, syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamakda halkara giňişlikdäki işjeň ornuny barha berkidýär.Bu halkara forumyň üstünlikli geçirilmegi ugrunda döredilen giň mümkinçilikleriň, durmuşa geçirilýän oýlanşykly meýilnamalaryň we öňdengörüjilikli başlangyçlaryň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys, janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli işleri diňe üstünliklere beslensin!
Baýramgül GURBANOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň partiýa guramaçysy.