Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

ÖSÜŞI WE ABADANÇYLYGY NAZARLAÝAN HYZMATDAŞLYK

Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan ýörelgelere pugta eýerýän berkarar döwletimiz bütin dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy we durnukly ösüşi üpjün etmäge mynasyp goşant goşýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzyň öňe sürýän parahatçylyk we ynanyşmak gymmatlyklary häzirki zaman dünýäsinde hyzmatdaşlygyň, ösüşiň möhüm şertine öwrülýär. 

Bu günki gün Türkmenistanyň dünýädäki abraýy barha artyp, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmaga gönükdirilen başlangyçlary gyzgyn goldawa eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi hem munuň nobatdaky aýdyň mysalydyr.

Giň gerimli foruma deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň düzümine girýän 32 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, BMG-niň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň, birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu halkara maslahatyň gün tertibine Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysadyýet, söwda, senagat, ulag, energetika, maýa goýum, howpsuzlyk, ýokary tehnologiýalar, ekologiýa bilen baglanyşykly meseleleri giriziler. Forumda guraljak ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesinde bu döwletleriň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmak, sebitara we halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem halkara maslahatyň çäklerinde parlament forumy, ýaşlar forumy, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy ýaly ugurdaş maslahatlaryň geçirilmegi-de meýilleşdirilýär.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde hususy pudagyň ýörite forumynyň guralmagy özboluşly ähmiýete eýedir. Ösen we ösüp barýan ýurtlaryň tejribesinden görnüşi ýaly, hususy pudak ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna we durmuş gurşawyna innowasiýalary, täze tehnologiýalary ornaşdyrmakda netijeli işleri alyp barýar. Hususy kärhanalar önümçilige, hyzmatlar ulgamyna häzirki zaman tehnologiýalary has işjeň ornaşdyryp, önümçilik görkezijileriniň we tutuş ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygynyň, netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, önümleriň we hyzmatlaryň hiliniň gowulanmagyna, işewürligiň kämilleşmegine goşant goşýarlar. Olaryň arasyndaky özara bäsdeşlik bolsa, ilatyň sarp edýän harytlarynyň we hyzmatlaryň bahasynyň has amatly bolmagyna, olaryň görnüşleriniň köpelmegine, elýeterliliginiň artmagyna ýardam edýär.

Hususy pudak ýurduň durmuş infrastrukturasynyň ösdürilmegine, demir we awtomobil ýollarynyň, portlaryň, energetika desgalarynyň gurulmagyna hem-de ozal bar bolan düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna ýardam edýär. Bu bolsa, öz gezeginde, daşary ýurt bazarlaryna çykmak üçin sarp edilýän ulag çykdajylaryny peseltmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem hususyýetçiler halkara banklar we hususy maýadarlar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýup, ýurduň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde netijeli işler alyp barýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda döredilen hem-de hormatly Prezidentimiziň goldawy esasynda uly üstünlikleri gazanýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň sarp edýän harytlarynyň üpjün edilmegine, halkara hyzmatdaşlygyň ilerlemegine mynasyp goşant goşýar.

Dünýäniň çar tarapynda ýerleşýän onlarça döwletiň geljekki on ýyllyk döwürde durmuş-ykdysady taýdan ösmegine, olaryň ilatynyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, halkara hyzmatdaşlygyň berkidilip, ählumumy rowaçlyga ýola açjak iri forumyň eziz Diýarymyzda guralmagy Watanymyzyň abraýyny has-da artdyrar. Döwletimiziň gülläp ösmegi, il-ulsumyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.

Şemşat BAÝRAMGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Umumy bölüminiň müdiri.