Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Belent maksatlara tarap ynamly gadamlar

2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramagynda, Türkmenabat pagta egriji fabriginde Il-ýurt bähbitli maksatnamalarymyzy, amala aşyrýan özgertmelerimizi syýasy taýdan goldamak, mähriban halkymyzy döredijilikli işlere ruhlandyrmak, jemgyýetimizde agzybirligi we jebisligi berkitmek maksady bilen, “Belent maksatlara tarap ynamly gadamlar” atly syýasy düşündiriş çäresi geçirildi. Syýasy düşündiriş çäresinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy Z.Narmamedowa çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine we halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Mähriban halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar, eziz Diýarymyzyň şäherleri we obalary täze keşbe eýe bolýar. Amala aşyrylýan ägirt uly işleriň ählisi bagtyýarlyga beslenen ajaýyp döwrümiziň aýdyň nyşany hem-de hormatly Prezidentimiziň yzygiderli alyp barýan durmuş syýasatynyň miwesi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň aýagynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda, 2021-nji ýylyň 8-nji fewralynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyna birnäçe tabşyryklary berdi. Biz hem şol tabşyryklardan ugur alyp, işimizi döwrüň talabyna görä gurnaýarys. Döwrebap mümkinçiliklerden peýdalanyp, ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly baştutanlygy bilen ýaýbaňlandyrylýan «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgeden ugur alyp, ilatyň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklary arkaly milli Liderimiziň alyp barýan ynsanperwer içeri we daşary syýasatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşarys diýip belledi. Syýasy düşündiriş çäresinde Türkmenabat pagta egriji fabriginiň işgärleri Durdyýewa Jennet, Rozyýew Azamat dagylar çykyş edip, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň geçen sanlyja günleriniň içinde gazanylan üstünlikler Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň bedew bady bilen öňe barýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan Watanymyz ähli babatda ösüşleriň täze belentliklerine çykýar. Ýurdumyzda gurulýan we gurlup, ulanylmaga berilýän önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň sany barha köpelýär. Häzirki wagtda telekeçiler hem ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna saldamly goşant goşup, döwrebap oba-şäherleri, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglaryny usatlyk bilen ýokary hilli gurýandyklary barada aýtdylar. Syýasy düşündiriş çäresine gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiziň ömrüniň uzak, janynyň sag, belent başynyň aman, türkmen halkynyň bagtly durmuşy ugrunda we umumy adamzat bähbitli, dünýä möçberli alyp barýan beýik işlerinde hemişe üstünlik hem rowaçlyk hemra bolmagyny arzuw etdiler!

Зерхал НАРМАМЕДОВА