Täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ugrunda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Şol özgertmeleriň ählisi ylmyň gazananlaryna, dünýä tejribesine esaslanylyp alnyp barylýar. Bu ýagdaý ýurdumyzyň ykdysadyýetinde paýy barha ýokarlanýan hususy pudak babatda-da üýtgewsizdir. Hormatly Prezidentimiziň 27-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda Permana gol çekmegi hem has kämil hünärmenleriň, öz işine ussat telekeçileriň, senagatçylaryň täze neslini kemala getirmäge ýardam eder.
Türkmen halky ähli döwürlerde ylym-bilime uly hormat goýupdyr. Halkymyzda ylym-bilim iň gymmatly baýlyga, tükeniksiz hazyna deňelipdir. Biz muny halkymyzyň döreden rowaýatlarynda-da, taryhy çeşmelerdäki maglumatlarda-da aýdyň görýäris. Geçmişde türkmen topragynda dörän kuwwatly döwletlerde öz döwrüniň iň kämil we iň iri ylym-bilim ojaklary, medreselerdir kitaphanalar gurlup, olarda edilen açyşlaryň adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine mynasyp goşant goşandygy hem bu hakykatyň aýdyň mysalydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ylym-bilim jemgyýetimiziň ösüşiniň esasy şertine deňelýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Ylym we tehnologiýalar biziň şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasyny düzýän gymmatlygymyzdyr» diýip belleýär.
Ylym-bilimiň gazananlarynyň ykdysadyýetiň pudaklaryna, önümçilige üstünlikli ornaşdyrylmagy döwletiň we jemgyýetiň ösmegine, täze derejä çykmagyna ýardam edýär. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän hünärmenleriň ussatlygynyň ýokarlanmagy, bilim-başarnyklarynyň kämilleşmegi, raýatlaryň dünýägaraýşynyň giňemegi döwletiň kuwwatynyň artmagyny şertlendirýär. Islendik işde bolşy ýaly, senagatçylar we telekeçiler hem ýokary netijeleri gazanmak üçin, ilkinji nobatda, ylym-bilimiň gazananlaryna, öňdebaryjy dünýä tejribesine esaslanýarlar.
Häzirki wagta çenli ýurdumyzda telekeçileri we işewürleri taýýarlamak işi işewürlik mekdepleriniň derejesinde amala aşyrylan bolsa, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň döredilmegi bu ugurda uly öňegidişlikleri gazanmaga ýardam eder. Şonuň üçinem, täze ýokary okuw mekdebiniň binýadynyň tutulmagy bilen, türkmen telekeçiliginiň ösüşinde täze sahypanyň açylandygyny ynamly aýtmak bolar.
Täze bilim ojagynyň binalar toplumynyň ýerli gurluşykçylarymyz, ýagny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan bina edilmegi buýsandyryjy hakykatdyr. Ýaşlaryň bilim almagyna niýetlenen binalar toplumynyň düzüminde kitaphana, mejlisler jaýy, sport meýdançalary ýaly desgalar bar. Şundan hem görnüşi ýaly, ýaşlaryň bilim almagy, hünär öwrenmegi, beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegi üçin ähli şertler döredilýär. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýuljakdygy, dünýä ylmynyň we işewürliginiň öňdebaryjy gazananlaryny öwrenmek üçin daşary ýurtly alymlaryň, bilermenleriň, professor-mugallymlaryň baý tejribesinden peýdalanyljakdygy hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň berýän goldawynyň netijesinde ýurdumyzda kiçi we orta telekeçilik yzygiderli ösýär. Türkmen telekeçileri her ýyl oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrýarlar, gurluşyk serişdelerini öndürmek ulgamynda we beýleki ugurlarda uly üstünlikleri gazanýarlar. Döwletimiz telekeçilere maliýe we hukuk goldawlaryny berýär. Şonuň bilen birlikde, telekeçiligiň ykdysadyýetiň ösüşine, haryt dolanyşygyna hem-de ilatyň iş bilen üpjünçiligine, Türkmenistanyň kiçi we orta işewürliginiň halkara bazarynda eýeleýän ornunyň berkemegine goşandynyň ýokarlanmagy üçin şertler döredilýär.
Türkmen telekeçilerine giň mümkinçilikleri döredýän, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, eziz Watanymyzyň abraýynyň barha artmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Täzegül JUMADURDYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy.