Mälim bolşy ýaly, innowasiýalar ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň ösen tejribesini öwrenip we ornaşdyryp, sanly ulgama geçmegiň öz nusgasyny, ýagny diňe bir taýýar çözgütleriň hem-de nou-haularyň importyna däl, eýsem, milli ylmy-tehnologik, aň-paýhas kuwwatyna esaslanýan nusgasyny işläp taýýarlamagy esasy maksat hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, ýaňy-ýakynda, has takygy, 28-nji iýunda Milli Liderimiziň Arkadag şäherine iş saparynyň barşynda täze şäheriň iki ýyllygy mynasybetli aragatnaşyk we internet ulgamynda ozal hereket edýän 4G+ tehnologiýasynyň ornuna 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata bermegi diýseň guwandyryjy çözgüt boldy. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda hususy pudakda zähmeti guramagyň usullaryny has-da kämilleşdirmäge, önümçilik netijeliligini ýokarlandyrmaga, iş şertlerini gowulandyrmaga, ilatyň, hususan-da, ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligini artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Häzirki döwürde sanly tehnologiýalar, innowasiýalar gündelik durmuşymyza giňden ornaşýar. Maglumatlar eýýamynda sanly ulgamyň diýseň çalt ösüşini göz öňünde tutup, ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Munuň üçin, elbetde, ilkinji nobatda, täze tehnologiýalaryň ýokary mümkinçiliklerinden peýdalanmak zerur. Şu jähetden, Arkadag şäheriniň aragatnaşyk we internet ulgamynyň kämilleşdirilmegi — 5G tehnologiýasynyň işe girizilmegi taryhy wakadyr. Sebäbi ýokary tizlikli bu tehnologiýanyň tizlik derejesi öňkä garanyňda 20 esse ýokarydyr. Bu bolsa sebitde deňi-taýy bolmadyk täze şäherdäki edara-kärhanalaryň işini tiz we oňaýly dolandyrmaga, sanly hyzmatlardan çalt peýdalanmaga mümkinçilik berer. Hususan-da, Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly: «Bu tehnologiýa onlaýn maslahatlaryny geçirmekde, emeli aň mümkinçiliklerini ýola goýmakda, saglygy goraýyş ulgamynda bejeriş işleri geçirilýän pursatlarda maglumat alyşmak wagtyny tizleşdirmekde ähmiýetlidir». Umumylaşdyryp aýdanyňda, sanly ulgam sansyz mümkinçiliklere eýe bolup, ol durnukly ösüşiň möhüm guraly hasaplanýar. Muňa kämil innowasiýalaryň hususy işewürligi ilerletmekde tutýan ornunyň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hemde hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, ýurdumyzda onlaýn söwdany ösdürmäge, ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Şunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň söwda we hyzmatlar ulgamynyň işiniň barha kämilleşmegine saldamly goşant goşýandyklaryny bellemek gerek.
Olar «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, müşderiler üçin täze-täze onlaýn söwda dükanlaryny, ýörite platformalary hödürleýärler. Şunuň bilen baglylykda, elektron söwda, eltip bermek ýaly döwrebap hyzmat görnüşleri täze derejä çykýar. Çünki onlaýn söwda dükanlary üçin döredilýän platformalarda dürli görnüşli önümler, birinjiden, azyk önümleri, hojalyk harytlary ýaly bölümlere bölünip ýerleşdirilse, ikinjiden, gereklenýän önüme degişli maglumatlaryň we olaryň suratlarynyň goýulmagy saýlama mümkinçiligini islegiňe görä örän gysga wagtda ýerine ýetirmäge kömek edýär. Bulardan başga-da, sanly ulgam telekeçilere, söwda kärhanalaryna sarp edijiler barada maglumatlary toplamaga we ony öwrenmäge, söwdany guramak işini has-da kämilleşdirmäge, dürli önümlere bolan islegleri seljermäge, müşderiler üçin elýeterli bolmagyny gazanmaga mümkinçilik berýär.
Döwrebap tehnologiýalar hususy önümçilik kärhanalarynyň işini täzeçe guramaga hem esas berýär. Daşary döwletleriň innowasiýalara daýanýan, ýokary tehnologiýaly enjamlarynyň ornaşdyrylmagy, kämil programma üpjünçilikleriniň herekete girizilmegi, maglumat-informasion serişdeleriň ýerlikli ulanylmagy netijesinde, ýyladyşhana, maldarçylyk hojalyklarynyň, azyk, senagat, hojalyk we beýleki dürli ugurly önümlerdir harytlary öndürýän kärhanalaryň işi döwrebaplaşdyrylýar. Munuň özi täze-täze iş orunlarynyň döredilmegini, işgärleriň iş netijeliliginiň artmagyny, önümçilikde ulanylýan usullaryň kämilleşmegini üpjün edýär. Diýmek, sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň işjeň peýdalanylmagy kärhanalary innowasion usulda ösdürmäge giň ýol açýar. Şol bir wagtda daşary ýurtlaryň işewürleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga, özara tejribe alyşmaga, hyzmatlar bazaryny giňeltmäge, olary hil taýdan kämilleşdirmäge şert döredýär.
Şu ýerde ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly pudaklary, hususan-da, elektron senagaty ösdürmäge kuwwatly itergi berlendigini nygtamalydyrys. Şoňa görä-de, bäsdeşlige ukyply, ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, serişde we energiýa tygşytlaýan, ekologiýa taýdan arassa elektron we elektrotehniki senagaty ýola goýmakda möhüm ädimler ädildi. Ykdysadyýetiň gaýtadan işleýän we bazar üçin ahyrky önümleri öndürýän önümçilik pudaklary kemala geldi. Häzirki wagtda türkmen hünärmenleri, şol sanda hususy işewürler tarapyndan işlenip taýýarlanylýan täze sanly önümleriň iş ýüzünde giňden ulanylýandygy, olaryň hili we amatlylygy boýunça daşary ýurtlaryň sanly önümlerinden birjik-de pes durmaýandygy guwandyryjydyr. Bularyň ählisi ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmakda möhüm çärelerdir.
Görnüşi ýaly, bu günki günde diwersifikasiýalaşdyrmaga we senagatlaşdyrmaga, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýan bäsdeşlige ukyply taýýar önümleriň dürli görnüşlerini öndürmäge, bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge, hususy ulgamy höweslendirmäge gönükdirilen türkmen ykdysadyýetiniň düzümi oňyn ösüşe eýe bolýar. Şu jähetden, dünýäde okgunly ösýän hem-de iş bilen meşgullanmagyň, aýratyn-da, ýaşlary iş bilen üpjün etmegiň giňden ýaýran ulgamlarynyň biri hökmünde ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçilmegini durnukly ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmegiň açary hasaplap bileris.
Umuman, Türkmenistan döwletimiz tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna we ykdysady mümkinçiliklere eýe bolmak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda innowasion ösüş ýolunda ynamly öňe barýar.
Setdar SETDAROW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.