Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

ARKADAG ŞÄHERI – GÖZELLIGIŇ ŞÄHERI

«Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda – gurmak, döretmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda iňňän uly işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, Watanymyzy mundan beýläk-de beýik ösüşlere ýetirmäge gönükdirilen uzak möhletleýin iri maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasa esaslanýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işlere, ajaýyp özgertmelere, eziz Diýarymyzyň her gününi bezeýän ajaýyp wakalara halkymyz tüýs ýürekden guwanýar hem-de buýsanýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de şäher gurluşygy we binagärlik sungaty babatdaky ýiti zehini bilen sanlyja seneleriň dowamynda bina edilip ulanylmaga berilen ilkinji akylly şäher Arkadag şäherinde häzirki zaman talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralary we beýleki binalar gurlup ulanylmaga berildi. 

Bu ýerdäki möhüm desgalaryň mynasyp atlandyrylmagy bolsa, esasy wakalaryň biridir. Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebine meşhur seýis, ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugur başy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň adynyň dakylmagy we «Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy» diýip atlandyrmagy, mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine zähmetsöýer we zehinli mugallym, ýalkymly watançy, edermen esger, il halar ynsan, ynsanperwerlik we adalatlylyk ugrunda gaýduwsyz göreşiji Berdimuhamet Annaýewiň adynyň dakylmagy we «Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi» diýip atlandyrmagy, ýurdumyzda halypalara goýulýan belent sarpadan nyşandyr. 

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi esasynda amala aşyrylýan iri  möçberli ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyz düýpli özgerýär, halkymyzyň  ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar, diňe paýtagtymyzyň däl, eýsem tutuş ýurdumyzyň binagärlik keşbi özgerip, gözel görke gelýär. Beýik  şahyrymyz we akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň, merdana ata-babalarymyzyň arzuw eden şu  beýik bagty – Berkarar döwleti, agzybir, abadan we bagtyýar durmuşy hormatly Prezidentimiziň saýasynda hakykata öwrüldi. Agzybir türkmen halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň döredijilikli içeri we daşary syýasatyny, ýurdumyzy ýakyn ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini, şeýle hem ýurdumyzda alnyp barylýan uly möçberli düýpli özgertmeleri doly goldaýar we bu il-ýurt bähbitli işleri üstünlikli durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Sebäbi bu beýik işler şu günki we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşyny, abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. 

Bu günki gün gözbaşyny gojaman taryhyň gatlaryndan alyp gaýdýan gadymy halkymyz  bagtyýar gelejegi nazarlap, barha öňe barýar. Il-halkynyň asuda-abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda tutanýerlilik bilen yhlasly zähmet çekýän Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda Watanymyzda alnyp barylýan hem-de durmuşa ornaşdyrylýan ägirt uly işler mähriban halkymyzy eşretli ertirlere tarap alyp barýar. Watanymyzyň ähli taraplaýyn ösüşine, eziz Diýarymyzda alnyp barylýan içerki we daşarky syýasatlara, şeýle ajaýyp döwrebap şäherleriň, obalaryň bina edilmeginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary bolan türkmen gurluşykçy telekeçilerimiz hem mynasyp derejede saldamly goşant goşýarlar we bu günki gün uly işleri alyp barýarlar. Köpetdagyň eteginiň gözel künjeginde gurlan Arkadag şäheri ýurdumyzyň taryhyndaky iň iri gurluşyk taslamasydyr. Ägirt uly giňişligi eýeleýän täze şäheriň sebitde, hatda dünýäde-de deňi-taýy ýokdur. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky alyp barýan işleriniň ajaýyp beýanydyr. Şeýlelikde, häzirki zaman şäher gurluşygynyň dünýä we milli tejribesini özüne siňdirýän Arkadag şäheri gözelligiň hem-de döwrebaplygyň şäherine öwrüldi. Şeýle hem bagtyýar maşgalalaryň ýüzlerçesine täze jaýly, täze işli bolmagyň egsilmez şatlyk-buýsanjyny, nurana bagtyny peşgeş eden Arkadag şäheri döwrümiziň ajaýyp aýratynlyklaryny özünde jemläp, köňüllere şatlyk paýlaýar. Häzirki wagtda ajaýyp Arkadag şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurlan medeni-durmuş maksatly döwrebap binalaryň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga beriljek günlerine halkymyz sabyrsyzlyk bilen garaşýar.

Watanymyzyň milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri rowana ýollarda elmydama rowaçlyklara beslensin!

Muhammetdurdy NURMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.