Mukaddes Gurban baýramy dogruçyllygy we päkligi ündeýän, jemgyýetimizde ählumumy ruhubelentligi döredýän gadymy baýramdyr. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, her ýyl bu mukaddes baýram eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde üç günläp giňden bellenilip geçilýär. Bu baýramyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da tutuş ýurdumyz boýunça uludan dabaralandyrylmagy belent ynsanperwerlik, agzybirlik we jebislik ýörelgelerimiziň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Döwlet Baştutanymyzyň: «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň güneşe baý tomus paslynyň ilkinji günlerinde giňden bellenilýän Gurban baýramy Gündogar halklary bilen birlikde, türkmen halkynyň asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip gelinýän belent ahlak gymmatlyklaryny, ynanç-adatlaryny özünde jemläp, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetliligi dabaralandyrýar. Şoňa görä-de, agzybirlikde ýaşaýan, döredýän, gurýan mähriban halkymyz mukaddes Gurban baýramyny milli däp-dessurlarymyza, adatlarymyza laýyklykda giňden belleýär» diýip nygtamagy mukaddes baýramyň türkmen halky üçin aýratyn gadyr-gymmata eýedigini görkezýär.
Mälim bolşy ýaly, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlardan ugur alnyp, ýurdumyzyň her bir raýatynyň sagdynlygy we ruhy kämilligi ugrunda yzygiderli alada edilýär. Jemgyýetimiziň ynsanperwerligiň belent ýörelgelerine laýyklykda kämilleşmegine, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklary esasynda ösmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ildeşlerimiziň yslam dünýäsiniň mukaddesliklerine zyýarat etmekleri, parz ýörelgeleri berjaý etmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilýän ýylynda hem mukaddes Gurban baýramy mynasybetli ýurdumyzyň wekillerinden ybarat uly toparyň haj parzyny berjaý etmek üçin zyýarata iberilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Çünki adamzadyň medeni ösüşiniň belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramynyň milli däp-dessurlarynyň binýady köpasyrlyk taryhy bolan halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine daýanýar. Bu baýram türkmeniň haýyr-sahawatlylyk, ýokary ruhy-ahlak, pähim-paýhas gymmatlyklaryny giňden dabaralandyrýar.
Gurban baýramynyň ilkinji gününiň ir säherinde ýurdumyzyň ähli metjitlerinde baýram namazynyň okalmagy, soňra bu mukaddes toýuň dabaralarynyň Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky şäherlerdir şäherçelerde, obalarda uly ruhubelentlige beslenmegi döwlet berkararlygynyň, döwür bagtyýarlygynyň nyşanydyr. Asylly däbe eýerip, Gurban baýramy günlerinde ýaşlar dürli milli oýunlary oýnap, wagtlaryny hoş geçirýärler. Halkymyzyň ruhy dünýäsinde haýyr işleri bitirmek, sadaka bermek sogap iş hasaplanýar. Gurban baýramynyň esasy maksatlarynyň biri adamlaryň göwnüni göterip, durmuşa, zähmete, halallyga, agzybirlige, watanperwerlige ruhlandyrmakdan, datly tagamlardan milli naharlardan saçagy dolduryp, medeni dynç alşy guramakdan ybaratdyr. Şu jähetden, baýramçylyk meýdançalarynyň töwereginde ak öýleriň dikilip, halkymyzyň asylly däbine görä, toý gazanlarynyň atarylmagy, saçaklaryň giňden ýazylyp, birek-birege naz-nygmatlardan hödür-kerem edilmegi ata-babalarymyzdan gelýän ýagşy dessurlarymyzyň dowamat-dowama atarylýandygyny alamatlandyrýar.
Jemläp aýdanyňda, mukaddes Gurban baýramy has irki döwürlerden bäri halk baýramy hökmünde meşhur bolup, oňa gadymy oguz ýörelgeleri, ahlak-edep, pähim-parasat ýakymlylygy siňdirilipdir. Şeýdibem, ol halkyň söýgüli baýramyna öwrülip gidipdir. Şu jähetden, ynsanperwerlige, şükranalyga, agzybirlige we jebislige çagyryş bolan Gurban baýramynyň ýurdumyzyň ähli künjeklerinde egsilmez şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslenip, uludan dabaralandyrylmagy, Gurbanlygyň gadymy däp-dessurlarynyň döwrebap öwüşginde baýlaşdyrylmagy biziň her birimiziň buýsanjymyzy artdyrýar, belent üstünliklere atarýar.
Enwer BALLYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy