Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

YLYM — ÖSÜŞLERIŇ BERK BINÝADY

Ylmy we tehniki öňegidişligiň gazananlarynyň ykdysadyýetiň pudaklaryna, önümçilige ornaşdyrylmagy döwletiň we jemgyýetiň ösüşini täze derejä çykarýar. Şoňa görä-de, täze taryhy döwürde ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. «Ylym we tehnologiýalar biziň şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasyny düzýän gymmatlygymyzdyr» diýip belleýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek, dünýäniň syýasy, ykdysady we medeni gi­ňişliginde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ylym-bilim ulgamynda gazanylan baý tejribä daýanylyp, milli ykdysadyýetiň innowasion tehnologiýalara, nazary ylymlara esaslanýan nusgasy kemala getirilýär. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimiziň aň-bilim kuwwatyny berkitmek, raýatlaryň dünýägaraýşyny ösdürmek, ylym ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak ugrunda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» düýpli we amaly ylmy barlaglaryň özara baglanyşygyny has-da işjeň­leşdirmek bilen bagly möhüm wezipeler kesgitlenilýär. Türkmen jemgyýetiniň häzirki ösüş ýolunda ylym innowasion ösüşiň strategik binýadyna öwrülýär. Asylly däbe görä, her ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzda Ylymlar güni giňden bellenilýär. Bu sene ylmy gözlegler, amaly açyşlar we ylym ulgamy bilen meşgullanýan ähli hünärmenleriň hünär baýramydyr. 

Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan ylmy-tehniki syýasat ylmyň binýadyny giňeltmäge, innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga we milli ylmyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu ugurda möhüm orun eýeleýän merkezleriň biri hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkydyr. Bu ýerde alymlaryň, aspirantlaryň, ylmy işgärleriň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredilendir. 

Ýurdumyzda ýaş alymlar tarapyndan işlenilip taýýarlanylýan ylmy açyşlaryň we işläp taýýarlamalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyna ýardam bermek ugrunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan hem netijeli işler alnyp barylýar. Partiýa tarapyndan ýaşlary telekeçilik işine çekmek, halkara tejribesini öwrenmek we ornaşdyrmak, olaryň maliýe sowatlylygyny artdyrmak maksady bilen, her hepdäniň ýekşenbe güni yzygiderli okuw sapaklary geçirilýär. Sapaklarda professor-mugallymlar we talyp ýaşlar tarapyndan alnyp barylýan ylmy-barlag işleri, işlenilip taýýarlanylýan taslamalar we programma üpjünçiliklerini önümçilikde peýdalanmagyň mümkinçilikleri öwrenilýär. Şeýle-de ýörite okuwlar, treningler, ýaşlaryň işewürlik başlangyçlaryny, startaplaryny goldamak boýunça çäreler oňyn netijelerini berip, milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň kuwwatynyň artmagyna goşant goşýar.

2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen, ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligi halkara ylmy hyzmatdaşlyga, özara bähbitli tejribe alyşmalara we bilimleriň ýaýramagyna aýratyn ähmiýet berýär. Ylym diňe bir ösüşiň guraly bolman, eýsem, halklaryň arasynda parahatçylygyň we özara düşünişmegiň hem esasy sütünleriniň biri bolup hyzmat edýär. Paýtagtymyz Aşgabatda halkara ylmy-barlag, ylmy-önümçilik konferensiýalary, seminarlary, maslahatlary, sergileri yzygiderli geçirilýär. Şeýle çärelere dünýäniň ösen döwletleriniň ylmy-barlag institutlarynyň alymlarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň gatnaşmagy hyzmatdaşlygy ösdürmekde, ylmyň soňky gazananlaryny, netijelerini  ýaýratmakda giň şertleri döredýär.

Ylma daýanýan ösüşi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüp, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşy ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Serdar PAŞIKOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.