Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

BEÝIK ÝEŇIŞ MIZEMEZ – GAHRYMANLAR BAKYDYR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda Watan üçin döş gerip göreşen gerçeklerimiz aýratyn uly hormat bilen hatyralanýar. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly Türkmenabat şäheriniň «Bitaraplyk» seýilgähinde oturdylan näbelli esgeriň ýadygärliginiň öňünde gül desseleri goýulýar. Olaryň söweş meýdanynda görkezen edermenlikleri, tylda çeken göreldeli zähmeti, häzirki döwrümiziň eşretini görüp ýaşaýan ýaş neslimiz üçin terbiýe hem görelde mekdebi bolup, Watana wepalylygyň beýik nusgasyny görkezýär. 

1418 güne çeken ikinji jahan urşy adamzat taryhynda örän agyr we elhenç yz galdyran uruşlaryň biri boldy. Türkmenistanly gerçekler hem faşizime garşy aldym-berdimli söweşlere gatnaşyp, mähriban topragymyzyň azatlygy we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşy ugrunda şirin janlaryny orta goýdular. Biz Watan üçin, ar-namys üçin gaýduwsyzlyk bilen söweşen merdanalarymyzyň öňünde mydama baş egýäris, olary hormatlaýarys. Türkmen gerçekleriniň gahrymançylyklary  Watany söýmegiň we ony goramagyň ajaýyp nusgasy bolup, halk öz gahrymanlaryny hiç wagt hakydasyndan çykarmaýar. 

Maňa ýowuz uruşda mertlerçe göreşen uruş weteranlarynyň hem-de ýar ojagyny saklap agyr zähmet çeken ýalňyz ojaga wepaly eneleriň birnäçesi bilen mekdeplerde, edara-guramalarda duşuşyklary gurap, söhbetdeş bolmak nesip etdi. Olaryň her biri  «...Men şol wagtlar ýaňy 19 ýaşymy doldurypdym ýa-da 20 ýaşymdadym. Goşun gullugyna çagyryldym. Watan öňündäki borjumy haklamak üçin janymy gaýgyrman gulluk etjekdigim barada kasam etdim.» diýip gürrüňe başlaýarlar. Görüp otursak olaryň ýaşlygy, gülüp-oýnap, men diýip ýaşajak wagty pajygaly uruş ýyllaryna düşüpdir. Ganym uruş ençeme ojaklary ýumurdy, maşgalalaryň dargamagyna sebäp boldy. Köpler bolsa agyr ýaralanyp maýyp bolup galdylar. Ýalňyz ojaga wepaly enelerimiz bolsa özleriniň ýaşlyk ýyllaryny är ojagyny saklap, öz çagajyklaryny ýekelikde terbiýeläp, agyr zähmet çekmeli bolupdyrlar. Öz kümüş şaý-seplerini, gündiziň agyr zähmetinden soň dokan ýüň joraplaryny «front üçin» diýip ugradypdyrlar. Şol ugradylan zatlaryň öwezine «Men sag aman, sizem gowumy?» diýip geljek ýekeje hata garaşypdyrlar. Müňlerçe eneler ogullaryndan, ýene-de şonça gelinler ýan ýoldaşlaryndan aýryldylar.

1941-1945-nji  ýyllaryň urşy köp adam pidalaryna, elhenç weýrançylyklara getiren uruş hökmünde taryha girdi. Wagt-heňňam aýlanyp, bizi şol hasratly ýyllardan barha daşlaşdyrýar. Emma halkymyzyň azatlygy, erkinligi ugrunda şirin janyny orta goýup, gahrymanlarça söweşen merdana gerçeklerimiz hakyndaky ýatlamalar minnetdar nesilleriň kalbynda ömür baky ýaşar. Ýurdumyzda Beýik Watançylyk  söweşde mertlik, edermenlik görkezen frontçy esgerlerimiziň we şol ýalynly ýyllarda tylda janaýaman zähmet çekenleriň hormat-sarpasy belent tutulýar. 

1941-1945-nji  ýyllardaky urşuň  ýeňiş bilen tamamlananyndan bäri 80 ýyl geçen hem bolsa, görkezilen mertlik, gahrymançylyk  hakydamyzda müdimilik ýaşaýar. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda umumy wehime hem-de zorluga garşy söweşen millionlarça adamlary parahatçylykly durmuş baradaky arzuw jebisleşdirdi. Olar uzak garaşdyran ýeňşiň ýakynlaşmagyna uly goşant goşdular. Doganlyk halklary bilen bilelikde türkmenistanly esgerler urşuň ýowuz synagyndan mertlik bilen geçdiler, parahatçylyk we asudalyk, abadan durmuş ugrundaky aldym-berdimli söweşlerde belent ahlak sypatlaryny, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň hem-de hakyky watançylygyň ajaýyp nusgalaryny görkezdiler. Ata-babalarymyzyň şöhratly hem-de gahrymançylykly ýoly Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. 

Şol külpetli günlerde watansöýüjiligiň, mertligiň ajaýyp nusgasyny görkezen gerçekleri ýatlanyňda mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhammet Annaýewiň merdana keşbi göz öňünde janlanýar. Berdimuhammet aganyň Gahrymançylykly ömür ýoly barada Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer” romanynda gaýduwsyz esger hökmünde görkezen edermenlikleri jikme-jik ýazylýar.  

1941-1945-nji ýyllaryň ýalynly günleri barada ýazyjylarymyz, şahyrlarymyz halkymyzyň hakydasynda galan gahrymanlarymyz barada onlarça eserleri, goşgulary döretdiler. Şeýle eserlerden Naryman Jumaýewiň «Aýdogdy Tahyrow» romanyny, Berdi Kerbabaýewiň «Gurbandurdy» eserini, Ata Atajanowyň Ukrainada edermenlik görkezen näbelli türkmen gerçegine bagyşlanan «Näbelli Gahryman» eserini okanyňda Türkmen gerçekleriniň edermen, gaýduwsyz keşbi örän çeper suratlandyrylyp, ýakymly keşbi göz öňünde janlanýar. 

Goý bu zatlaryň ählisi hakyda bolsun! Ýatlama bolsun! Ýaş nesillerimiz hiç haçan uruş belasyny görmesin! 

Ýaşasyn parahat durmuş!

Ýaşasyn parahatçylyk!

Asuda asmanymyzyň, parahat durmuşymyzyň gadryny bilip ýaşalyň!

Goý, bize bu ajaýyp durmuşy bagyş edip, dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk, hoşniýetlilik gatnaşyklaryny ýola goýýan, ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

Zerhal NARMAMEDOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy, Zähmet weterany.