Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bagtyýar zamanamyzda Ýer ýüzünde parahatçylygy, nesilleriň asuda, bagtyýar geljegini gorap, ölmez-ýitmez şöhrat gazanan merdana gerçeklerimize hem-de gaýduwsyz pederlerimize, tutanýerli zähmeti bilen Beýik Ýeňşiň gazanylmagynda ägirt uly işleri bitiren watandaşlarymyza belent sarpa goýulýar. Häzirki günlerde ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda uruş weteranlary, tylda zähmet çeken gahrymanlar, ýar ojagyna wepaly eneler bilen duşuşyklar guralýar.
Dünýä taryhynyň iň gazaply we hasratly döwürleriniň biri bolan 1941 — 1945-nji ýyllarda basybalyjylykly, talaňçylykly uruş millionlarça adamy pida edip, bütin adamzat üçin öwezini dolup bolmajak ýitgilere getirdi. Gazaply urşuň ilkinji günlerinde watandaşlarymyzyň müňlerçesiniň fronta meýletin gidip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda doganlyk halklar bilen birlikde jebisleşip, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezendikleri hem-de orden-medallar bilen sylaglandyklary buýsandyryjy hakykatdyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, merdana pederlerimiziň söweşjeň edermenligi, gaýduwsyzlygy hakyndaky şöhratly ýatlamalar, ildeşlerimiziň zähmet üstünlikleri Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ebedi ýazyldy. Gazaply söweş meýdanlarynda wepat bolan we Ýeňiş bilen öýlerine dolanyp gelen türkmenistanly esgerleriň atlarynyň «Hatyra» hem-de «Şöhrat» atly köp jiltli neşirlere girizilmegi bolsa merdana pederlerimiziň gahrymançylygyna uly sarpanyň nyşanydyr.
Pajygaly uruş ýyllarynda türkmen halkynyň Ýeňşe bolan sarsmaz ynam hem-de uly umyt bilen jan aýaman zähmet çekmegi, bugdaýyň we pagtanyň bol hasyllarynyň ýygnalmagy, müňýyllyklardan gözbaş alýan ynsanperwerlik ýörelgelerimize eýerilip, altyn-kümüş şaý-sepleriniň uly möçberiniň Goranmak gaznasyna meýletinlik bilen tabşyrylmagy şu günki we geljekki nesiller üçin nusgalyk mekdepdir.
Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynda, «Durnalar» aýdymy barada ýatlama» atly goşgusynda we beýleki ajaýyp eserlerinde uruş ýyllarynyň kynçylyklary, halkymyzyň söweş meýdanlarynda we tylda görkezen gahrymançylyklary giňişleýin beýan edilýär. Bu eserler nesilleri ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri esasynda terbiýelemekde, olarda mertlik, gaýduwsyzlyk ýaly häsiýetleri kemala getirmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanmalardyr.
Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bütin adamzadyň azatlygy we erkinligi ugrunda göreşe çykan, gije-gündiz irginsiz zähmet çeken, şanly Ýeňşi ýakynlaşdyran edermen watandaşlarymyzyň mertebesi belent tutulýar. Ýeňiş güni mynasybetli eziz Diýarymyzy aýdym-sazly, medeni-jemgyýetçilik çäreler gurşap alýar, uruş weteranlaryna baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Bularyň ählisi 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda erkinlik we azatlyk ugrundaky söweşlerde wepat bolan gahrymanlarymyza, ýowuz synaglardan abraý bilen geçip, Watana, halka, külli adamzada ak ýürekden hyzmat etmegiň görelde mekdebine öwrülen watandaşlarymyza çuňňur hoşallygymyzyň, belent sarpamyzyň aýdyň beýanydyr.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Ýer ýüzünde abadançylygy, gülläp ösüşi, ählumumy howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen beýik işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenip, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýy has-da beýgelsin! Gülläp ösüşleriň röwşen ýolunda geljege ynamly ilerleýän ýurdumyzda hemişe asuda, parahat durmuş dowamat-dowam bolsun!
Şemşat BAÝRAMGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Umumy bölüminiň müdiri.