Eziz Watanymyzda giň gerimli halkara sergileriň hem-de forumlaryň yzygiderli geçirilmegi, döwlet kärhanalarynyň we hususy telekeçileriň dünýäniň dürli ýurtlarynda guralýan ugurdaş çärelere işjeň gatnaşyp, milli haryt nyşanly önümlerimizi, ykdysadyýetimiziň üstünliklerini, geljekki mümkinçiliklerini tanyşdyrmagy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegi nazarlaýan syýasatyň rowaçlanmagyny şertlendirýär. Türkmenistanyň Bütindünýä sergilerine, forumlara gatnaşmagy ýurdumyza halkara bileleşige özüniň gazanýan üstünliklerini giňden görkezmäge we dürli ulgamlarda dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çägini giňeltmäge mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, sebit we dünýä derejesinde deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge möhüm ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşmagy hem bu hakykaty nobatdaky gezek tassyklaýar. Bu serginiň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilen ýyla gabat gelmegi özboluşly ähmiýete eýedir. Çünki ykdysady ösüş we durmuş abadançylygy parahatçylyk hem-de ynanyşmak gymmatlyklary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň Bütindünýä sergisiniň çäklerinde 14-nji aprelde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaralara gatnaşmagy ýurdumyzyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy iň ýokary derejede üns berýändigini nobatdaky gezek äşgär etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «EKSPO — 2025» sergisinde eden çykyşynda parahatçylygyň, ynanyşmagyň, deňhukuklylygyň bütindünýä ykdysady gatnaşyklarynyň esasyny düzmelidigini aýdyp, Türkmenistanyň Milli gününi açmak bilen, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyga, dürli ugurlarda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.
Häzirki wagtda dünýäniň energetika taýdan öňdebaryjy döwletleriniň biri hökmünde ykrar edilen Türkmenistan energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermek boýunça hyzmatdaşlar bilen bilelikde möhüm ähmiýetli taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýar. Ýurdumyz gurluşyk, senagat, ulag-logistika, oba hojalygy, dokma senagaty, himiýa senagaty, syýahatçylyk pudaklarynda we beýleki ugurlarda uly sepgitlere ýetýär. Bu üstünlikleriň ählisi dürli pudaklarda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeleriň oňyn netijeleridir.
Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmekde hususyýetçilere — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna möhüm orun degişlidir. Telekeçiligi ösdürmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde hususy pudagyň öňünde ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, import edilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak, söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmek ýaly wezipeler durýar. Türkmen telekeçileri döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanalarda öndürilen ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň eksportyny yzygiderli artdyrýarlar we halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge mynasyp goşant goşýarlar.
«EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde ýurdumyzyň milli pawilýonynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklaryny ösdürmek hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak, bäsdeşlige ukyplylygyny, innowasion ösüşini ilerletmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýandygy tanyşdyryldy.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmekde, sebit we dünýä derejesindäki energetika, ulag we durmuş düzümlerini döredip, ykdysady ösüşi we abadançylygy gazanmakda aýratyn orun eýeleýän Türkmenistanyň «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda ilkinjileriň hatarynda Milli gününi geçirmegi hem aýratyn many-mazmuna eýedir. Şeýle hormat Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlaryna we olary durmuşa geçirmekde alyp barýan nusgalyk işlerine goýulýan ýokary sarpanyň nyşanydyr. Bu işlere türkmen telekeçileriniň hem mynasyp goşant goşýandygy bolsa buýsandyryjy ýagdaýdyr.
Yhlas YMAMGULYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.