Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarly bolan Türkmenistan ählumumy abadançylygyň maksatlaryna hyzmat edýän deňhukukly gatnaşyklaryň berkidilmegine we ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän asylly işler halkara ykrarnama eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi buýsançly waka öwrülip, rowaçlygyň röwşen menzillerine tarap uzaýan gadamlarymyza täze kuwwat berdi.
Ýer ýüzüniň iň asuda, abadan döwletleriniň biri hökmünde ykrar edilen Türkmenistan sebitde we dünýäde ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň, gülläp ösüşiň bähbidine gönükdirilen işleri alyp barýar. Bu hakykat Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda guralýan iri forumlardyr maslahatlaryň mysalynda has-da aýdyň görünýär. Şu babatda ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergi bilen ugurdaşlykda geçirilip, köp sanly halkara guramalaryňdyr kompaniýalaryň wekillerini, abraýly bilermenleridir işewürleri bir ýere jemlän halkara maýa goýum forumynyň ähmiýetini bellemek bolar. Forum önümçiligiň we hyzmatlar ulgamynyň dürli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň täze wezipelerini kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Şeýle hem, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahat şanly ýylyň sahypalarynda orun alan möhüm wakalaryň biri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň çuň many-mazmunly çykyşy forumyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Milli Liderimiziň: «Türkmenistan parahatçylyk we ynanyşmak ideýasyny gönüden-göni ykdysady ösüş bilen baglanyşdyrýar. Şoňa görä-de, şu ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ykdysady hyzmatdaşlyga güýçli itergi bermelidir» diýen sözleri ýurdumyzyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmekdäki başlangyçlarynyň düýp mazmunyny görkezýär. Hakykatdan-da, ykdysady ösüş abadançylyga we parahatçylyga ýol açýan esasy şertleriň biridir. Muny ykdysady taýdan ösen döwletlerdäki durmuş abadançylygynyň mysalynda-da görmek bolýar.
Ynsanperwerlik we sahawat barada gürrüň edilende, şu ýylyň 29-njy martynda Arkadag şäherinde guralan dabaraly çäreleri, hususan-da, «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň işini bellemek gerek. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli guralan forumda gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti çykyş edip, Türkmenistanyň bu düzümiň beýleki döwletlerden, ynsanperwer ugurly halkara guramalardan bolan hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklaryny berkitmegi maslahatyň maksatlarynyň biri hökmünde görýändigini belledi. Halkara maslahatda çagalar üçin abadan dünýäni döretmek, bilim, saglygy goraýyş, ekologiýa abadançylygy ýaly meselelere jikme-jik seljerme berlip, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi, ýaş nesilleriň hukuklaryny, abadan durmuşyny üpjün etmekde halkara tagallalary birleşdirmegiň möhüm ähmiýetiniň bellenilmegi ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň, rowaçlygyň bähbidine ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň beýanydyr.
Eziz Watanymyzyň abraýynyň barha beýgelmegi, il-ulsumyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda döwletli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Setdar SETDAROW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.