Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

HEMIŞELIK BITARAPLYK — KÖŇÜL BUÝSANJYMYZ

Hemişelik Bitaraplyk biziň milli buýsanjymyzdyr. Beýik ösüşlerimiziň gözbaşy bolan oňyn bitaraplyk syýasaty bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy has-da pugtalandyrmakda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde uly ähmiýete eýedir. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilýän hemişelik Bitaraplygyň dabaralary milli ykdysadyýetiň hususy pudagynda ýetilýän sepgitler, halkara işewür hyzmatdaşlykda gazanylýan üstünlikler bilen utgaşýar. Diýarymyzda yzygiderli geçirilýän möhüm halkara hem-de milli derejedäki çärelere ýurdumyzyň telekeçileri ýokary derejede taýýarlyk görýärler, özleriniň mynasyp sowgatlary bilen barýarlar. Eziz Diýarymyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alnyp, giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda öndürilýän ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümleri dünýä bazaryna çykarmak, bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly önümçilikleri ýola goýmak we beýleki taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda guwandyryjy netijeler gazanylýar. Hemişelik Bitarap döwletimiziň abadançylygy hem-de parahatçylygy nazarlaýan maksatlary ykdysady ösüş bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Çünki milli hem dünýä derejesinde oňyn başlangyçlary öňe sürmek ykdysady taýdan kuwwatly, jemgyýetçilik-syýasy taýdan abadan döwlete başardýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň öňe sürýän gymmatlyklary halkara hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, telekeçiligiň we işewürlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegini hem göz öňünde tutýar. Döwlet Baştutanymyzyň ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda netijeli işleri dowam etdirmek hakynda tabşyrygyna laýyklykda, hususy pudagyň geriminiň barha giňeýändigi hem-de telekeçilik işiniň ugurlarynyň artýandygy guwandyrýar. Şeýle ösüşler telekeçilere döredilýän şertleriň ajaýyp miwesidir. Bu gün türkmen telekeçileri sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden ýerlikli hem-de netijeli peýdalanýarlar. Edara-kärhanalarda sanly ulgamy ornaşdyrmak, elektron resminama dolanyşyk ulgamyny, internet sahypalaryny, ykjam goşundylary, internet portallaryny, elektron söwda portallaryny döretmek we gurnamak, sanly dolandyryş, kiberhowpsuzlyk, «akylly» öý, «akylly» şäher hyzmatlary ýaly dürli görnüşli işleri alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Eziz doganlar» hususy kärhanasy tarapyndan bina edilen Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylmagy hem şöhratly ýylyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň hususy pudagy ösdürmäge berýän goldawy türkmen telekeçilerini täze üstünliklere ruhlandyrýar. Şeýle bagtyýar hem eşretli zamanada öňümizde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirip, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuna mynasyp sowgatly barmak üçin yhlasymyzy gaýgyrmarys.

Täzegül JUMADURDYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy.