Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

ABADANÇYLYGYŇ RÖWŞEN GADAMLARY

Halk arasynda «Haýsy ýurtda asudalyk, parahatlyk, agzybirlik bar bolsa, şol ýurt toý-baýramlara, taryhy wakalara baýdyr» diýen ajaýyp aýtgy bar. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň «Ykballynyň ugran işi oň görner» diýip jaýdar belleýşi ýaly, beýik şahsyýetlere mahsus çuň danalyk duýgusyny özünde jemleýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden başlap amala aşyran beýik işleriniň netijesinde, bagtyýar türkmen halkymyzy röwşen geljege tarap alyp gitmek üçin yzygiderli tagallalar edendigini biz her ädimde duýduk. Bu gün bolsa, peder ýoluny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oňyn özgertmelerinden ybarat bolan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň hem-de bu iri möçberli özgertmelerde öz hakyky beýanyny tapandygynyň aýdyň şaýady bolýarys. Ýurdumyzda we dünýä-de parahatçylygy, asudalygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek ugrunda dünýä nusgalyk birnäçe işler alynyp barylýar. 

Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň bütin dünýäde abadançylygy berkarar etmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşmak bilen, dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň binýadyny pugtalandyrmakda, syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamakda halkara giňişlikdäki işjeň ornuny barha berkidýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýän  Bitarap ýurdumyz tutuş sebitiň we dünýäniň parahatçylyk döredijilik merkezi hökmünde ykrar edildi. Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, halkara guramalaryň çäklerinde umumadamzat bähbitli başlangyçlary we teklipleri öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan, deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyzyň, ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça halkara başlangyçlarynyň yzygiderli ilerledilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy anna güni «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany biragyzdan tassyklady. Taryhy ähmiýetli çözgüt 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisiniň çäklerinde «Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy goramak» gün tertibiniň 61-nji bendi bilen kabul edildi. Kararnamanyň kabul edilmegi halkymyz üçin buýsandyryjy, guwandyryjy buşlukly habarlaryň biri boldy. Bu bolsa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam berýändigini, sebitiň ýurtlary, dünýäniň beýleki döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde Türkmenistanyň eýeleýän işjeň we oňyn ornuny ykrar edýär. Şeýle asylly işleriň elmydama ýurdumyzyň şan şöhratyny has-da belende göterýändigini aýdyň görmek bolýar. Indi, ata watanymyz eziz Türkmenistan döwletimiz eýsem diňe bir öz içinde parahatçylygy öňe sürmän bütindünýäde asudalygy parahatçylygy üpjün ediji ylalaşdyryjy merkez höküminde tanalýar. Bu bolsa ähli türkmen halkyny bütin dünýä tanadýar. Ýaşyl tugumyzyň hasda belentde parlamagyna getirýär. Elbetde bu ajaýyp döwlet ähmiýetli umumadamzat bähbitli işleriň hiç biri ýöne ýerden bolmaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny öňe sürýän içerki we daşary oňyn syýasatyny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň irginsiz zähmetleriniň oňyn netijesi bolup durýar. 

Goý, ähli türkmen halkyny şeýle ajaýyp asuda, abadan, parahat, durmuşda ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin.

Muhammetdurdy NURMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.