Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

BITARAP – TÜRKMENISTAN

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi biziň naýbaşy gymmatlygymyz hem-de milli buýsanjymyzdyr. Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi eziz Watanymyzyň alyp barýan parahatçylyk, ynanyşmak, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrýan syýasatynyň bütin dünýäde ykrar edilýändigini nobatdaky gezek tassyklaýar. 

Türkmen halkynyň milli lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmen halkynyň taryhynda yz galdyran beýik şahsyýetlerimizi tanamakda olaryň guran döwletlerini öwrenmekde giň mümkinçilikleri döredip berýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň bitaraplygymyzy gazanmakda eden işleri barada aýdyp geçmegi hem Türkmenistanyň taryhynyň iň esasy wakalarynyň, ilkinji ädimleriniň, ýaş nesil üçin wajyp maglumatlaryň biri boljakdygyny belläsim gelýär.  

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň taryhy ýoly, şu günki ähmiýeti we geljekki mümkinçilikleri barada giňişleýin düşünje berýär. Bu eserinde Milli Liderimiz ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini almagynyň sakasynda duran, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ägirt uly hyzmaty hakynda aýratyn bellemek bilen, 1992-nji ýylyň iýulyndan türkmen Bitaraplygyna tarap ilkinji ädimleriň ädilip başlanandygyny aýdýar. Şol ýyl biziň ýurdumyz ilkinji gezek öz daşary syýasat ugrunyň düýp mazmuny hökmünde oňyn Bitaraplygy yglan edýär. Şonda beýleki döwletleriň özbaşdaklygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, içki işlerine gatyşmazlyk, döwletara gatnaşyklarynda güýç ulanmakdan boýun gaçyrmak, BMG-niň halkara hereketlerindäki çözgütlerini ileri tutmak, ähli döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylygy hem-de hyzmatdaşlygy berkitmek ýaly, Bitaraplygyň esasy häsiýetleri bellenilýär. Şondan üç ýyl geçenden soň, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýork şäherinde bolan maslahatynda Türkmenistanyň Bitaraplygy ählumumy ykrar edilýär.

Häzir Türkmenistan «Dialog — parahatçylygyň kepili», «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýaly asylly başlangyçlar bilen çykyş edýär.

Dünýä derejesinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip ykrar edilen hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň tagallalarynyň netijesinde Birleşen Milletler Guramasynyň taryhy Kararnamasy esasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň üçünji gezek tassyklanmagy Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi. Munuň özi ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly döwletimiziň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrundaky tagallalarynyň halkara giňişlikde ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Şeýle hem türkmen Bitaraplygynyň milli we sebit çäklerini aşyp, indi bütindünýä derejesinde uly ähmiýete eýe bolýandygyny görmek bolýar.

Şu ýerde türkmen Bitaraplygynyň many-mazmuny barada durup geçmeli bolsa, Milli Liderimiziň ýakynda abraýly «Euronews» telekompaniýasynyň habarçysy bilen bolan söhbetdeşligini ýatlamalydyrys. Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyz: «Bitaraplyk biziň alyp barýan daşary syýasatymyzyň esasydyr. Ol Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen, şol sanda çylşyrymly ýagdaýlarda hem özara gatnaşyklaryny anyk kesgitleýär» diýip belledi. Hormatly Arkadagymyz syýasy taýdan biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitarap döwletdigini, ýurdumyzyň halkara dawalara gatnaşmaýandygyny hem-de goşulmaýandygyny aýtdy. Milli Liderimiz hukuk taýdan seredilende, Türkmenistanyň ýurtlaryň arasynda döreýän ähli jedelli ýagdaýlary BMG-niň Tertipnamasy we halkara hukugyň ykrar edilen düzgünleri esasynda çözmegiň tarapdary bolup çykyş edýändigini nygtady. Bu bolsa ýene-de bir gezek Milli Liderimiziň parahatçylyk söýüjiligiň tarapdary bolup çykyş edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Sözümiň ahyryda şeýle bagtyýar zamanada öňümizde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirip, baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň rowaçlyklara we gülläp ösüşlere beslenmegi üçin yhlasymyzy gaýgyrmajakdygymyza ynandyrýarys. Ajap eýýamymyzyň eşretleriniň gözbaşynda duran Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaç bolsun! 

Setdar SETDAROW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.