Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

BELENT MAKSATLARYŇ ÝOLUNDA

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda amala aşyrylýan asylly işleriň netijesinde gülläp ösýän Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde halkara abraýy barha artýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da ýokarlandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge gönükdirilýän aladalar rowaçlyklara beslenýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda her günki şaýat bolýan taryhy wakalarymyz, hoş habarlar il-ulsumyzyň kalbyny buýsanja besleýär.

Ýurdumyz oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirip, dünýä döwletleri bilen dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly döwletleriň Baştutanlary we ýurdumyza gelýän ýokary derejeli myhmanlar bilen yzygiderli geçirýän duşuşyklary hem bu hakykaty aýdyň tassyklaýar. Döwlet Baştutanlarynyň we hökümet ýolbaşçylarynyň 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýyl Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrylmagy ýurdumyzyň bu ýurtlar bilen ygtybarly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, bilelikde umumadamzat ähmiýetli meseleleriň çözgüdini tapmaga ygrarlydygynyň subutnamasydyr.

Bütin dünýäde abadançylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýän Türkmenistanyň ýeten sepgitlerine, gazanýan üstünliklerine halkara media giňişliginde hem gyzyklanma barha artýar. Soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyz dünýäniň abraýly habarlar gulluklary bilen yzygiderli söhbetdeş bolup, ýurdumyzyň öňe sürýän asylly syýasatyny, halkymyzyň döwletli ýörelgelere esaslanýan gymmatlyklaryny beýan edýär. Ýakynda Milli Liderimiziň abraýly «Euronews» telekompaniýasynyň habarçysy bilen bolan söhbetdeşliginde hem dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleriniň üstünde durlup geçildi. Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyz: «Bitaraplyk biziň alyp barýan daşary syýasatymyzyň esasydyr. Ol Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen, şol sanda çylşyrymly ýagdaýlarda hem özara gatnaşyklaryny anyk kesgitleýär» diýip belledi. Elbetde, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarda parahatçylyk ýörelgelerine eýerýändigi baradaky pikirleriniň diňe bir watandaşlarymyzyň däl, eýsem, dünýä bilermenleriniň hem gyzgyn goldawyna eýe bolandygyny uly buýsanç bilen belläp geçmek ýakymlydyr.

Serdar PAŞIKOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.