Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

BAHARDAKY HEREKET - GÜÝZDÄKI BEREKET

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel görki gül açýan eziz diýarymyz gün-günden ösýär, özgerýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyz adamzat ösüşiniň belentliklerine tarap uly ynam, buýsanç bilen barýar. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» diýip atlandyrylan ýylda eşretli durmuşyň hözirini görýän halkymyzyň her bir güni şowhunly, şatlykly toýlara beslenýär, baýramlarymyz goşa-goşadan gelýär. Şeýle baýramlarymyzyň biride bahar buşlukçysy Nowruz baýramydyr.

Nowruz adamzadyň taryhynda dörän ilkinji hem gadymy baýramlaryň biridir. Nowruz baýramy ilkinji gezek ynsanlaryň dünýä ýaýran ýeri bolan Mesopotamiýada sümerler tarapyndan bellenilipdir. Sümerler bu baýramy «Akitil» diýip atlandyrypdyrlar. «Til» sümer dilinde ýaşamak we täzeden dogmak diýen manyny aňladýar. Mälim bolşy ýaly, 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldamagynda Nowruz baýramçylygy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylyň fewral aýynda bolsa Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň teklip etmegi netijesinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny «Halkara Nowruz güni» diýip bellemek hakynda Rezolýusiýa kabul edildi.

Pasyllaryň soltany bolan baharyň gelmegi bilen tutuş tebigat janlanýar. Ajaýyp dünýäli bahar nurana baýramlaryň biri bolan Nowruz baýramynyň gelendigini buşlap, kalbymyzy iň gowy duýgulara besleýär. Bereketli türkmen topragynda ýylyň her bir pasly özüniň özboluşly owadanlygy, gaýtalanmajak gözellikleri bilen gelýär. Nowruzyň gelmegi bilen howa maýlaýar, tebigat ajaýyp görnüşe girýär.Guşlaryň saýramagy, tebigatyň täzelenişi we gök dona bürenmegi, bu elbetde bahar paslynyň sazlaşykly hereketlerini aňladýar. Gyşyň sowuk howasy bilen hoşlaşyp, gözel tebigatymyz indi janlanyşyň, gözelligiň paslyny garşy alýar. Bu pasylda bolsa gözbaşyny müňýyllyklaryň özeninden alyp gaýdýan, köpasyrlyk taryha eýe bolan Nowruz baýramçylygy bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk merdana halkymyzyň baý maddy we ruhy gymmatlyklarynyň kemala gelmeginde, ajaýyp däp-dessurlarymyzyň, ýörelgelerimiziň, medeniýetimiziň dünýä ýüzüne açyp görkezýän aýratyn bir seneleriniň biridir.

Adamzadyň ruhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bir bölegi bolan Halkara Nowruz güni Arkadagly Gahryman Serdarly ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň her biriniň ýüzünde şatlyk alamatlary bilen, ýüreklerinde bolsa bahara bolan mähirli söýgi bilen kalplarynda heýjanelek - heýjanelek diýip seslenýär. Özüniň dostluk, doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetleri bilen ýüreklerde aýratyn orun alan bu baýramçylyk mähriban halkymyzyň kalbynda baky söýgä eýedir.

Dünýä halklary bilen bir hatarda türkmen halky hem baharyň buşlukçysy – Nowruzyň däp-dessurlaryna durmuş tejribesini, ahlak we ruhy gymmatlyklaryny, parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak ýaly külli adamzat üçin beýik ruhy gymmatlyklara öwrülen ynsanperwer ýörelgelerini siňdiripdir. Şonuň üçin hem bu gün ynsan kalbynyň tämizligini, egsilmez döredijilik joşgunyny aňladýan bu baýram bizi we agzybir, zähmetkeş halkymyzy döredijilikli täze zähmetlere, beýik işlere ruhlandyrýar.

Türkmen halky gadymyýetden, tä şu güne çenli bu baýramy mukaddes baýram hökmünde, tebigatyň täzeden janlanýan, ýaşaýşa söýgüni dabaralandyrýan baýram hökmünde belläp gelipdir. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem giňden bellenilýän bu baýramçylyk merdana halkymyzyň ähli ugurlarynda, şol sanda ykdysadyýetde, medeniýetde, sportda we beýleki durmuş-ykdysady ugurlarynda hem öňe gidişliklere, nurana geljege sary itekleýji güýç hökmünde giňden dabaralanýar.

Nowruz baýramy halkaryň müňýyllyklardan bäri dowam edip gelen medeni we ruhy baýlygydyr. Ol geçmiş bilen geljegi baglanyşdyrýar, ynsanlara döredijilik, täzeleniş we agzybirlik duýgularyny berýär. Şeýle baýramlaryň ýaş nesle geçirilmegi biziň ruhy mirasymyzy dowam etdirmekde möhüm ähmiýete eýedir

Dünýä halklaryny birek-birek bilen baglanyşdyrýan bu baýramçylygyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan dostlugyň, goňşuçylygyň, parahatçylygyň nyşany hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem bu senäniň dünýä jemgyýetçiligi üçin hem aýratyn ähmiýete eýedigini görkezýär. Galyberse-de, Nowruz baýramçylygy diňe bir doganlyk goňşy ýurtlarymyzda däl, eýsem güneşli diýarymyzda hem dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilmegi halkymyzyň belent joşgunyny, kalplarynda ajaýyp söýgüni alamatlandyrýar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda «Nowruz ýaýlasynyň» döredilmegi, ýurdumyzyň beýleki welaýat merkezlerinde bolsa «Türkmeniň Ak öýleriniň» gurulmagy sözümiziň subudy hökmünde görkezmek bolar.

Nowruzda her bir öýde saçaklar giňden ýazylyp, türkmeniň datly milli tagamlary taýýarlanylýar. Semeni bolsa bu baýramçylygyň iň naýbaşy tagamlarynyň biridir. Sebäbi semeni bu baýramçylykda esasy we hökmany  taýýarlanylýan tagam bolup, ol baýramçylyk saçagynyň özboluşly bezegidir.Semeni diňe bir saçagyň bezegi bolman, eýsem, bol hasyllylygyň hem alamatydyr.

Taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan Halkara Nowruz güni we Milli Bahar baýramyny giňden belleýän türkmen halkynyň Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maddy we ruhy baýlyklaryny öwrenmekde, şan-şöhratyny, at-abraýyny dünýä ýaýmakda alyp barýan jogapkärli işlerinde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlaryň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw edýäris! 

Goý, Milli bahar baýramy halkymyza, bütin dünýä şatlyk, üstünlik we bolçulyk getirsin!

Akbäbek Gulesenowa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň baş hasapçysy.